“Ýylyň talyby — 2021” TDU-dan!

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen “Ýylyň talyby —2021” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady iň täze tilsimatly enjamlarda işlemäge ukyply, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini bilýän, başarjaň talyplary ýüze çykarmakdan, olaryň Watana buýsanjyny, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmiş taryhyna, halkymyzyň baý sungatyna egsilmez söýgüsini açyp görkezmekden ybarat. Onda eziz Watanymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan talyplar birinji şerte laýyklykda özleriniň döredijilik ussatlyklaryny, jemgyýetçilik işlerine, ylmy-amaly maslahatlara, medeni çärelere işjeň gatnaşmak boýunça tejribelerini görkezdiler. Ikinji şerte görä oňa gatnaşyjy talyplar özleriniň şanly taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy hormatlaýşyny, ruhy-ahlak ýörelgelerine eýerşini, dünýäniň ösen ýurtlarynyň urp-adatlaryny, medeniýetini, sungatyny bilişini, saýlap alan hünärine bolan söýgüsini şeýle hem döwrümiziň waspyny goşgudyr monologlaryň, sahnadyr aýdym-sazlaryň üsti bilen ýetirşini hem-de medeniýetde we sungatda döredijilik başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde bäsdeş ýaşlara hersi elli sowaldan ybarat bolan Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş dersleri boýunça, türkmen we iňlis dilleri şeýle hem kompýuter boýunça üç ýalňyş, bir dogry jogaply testler hödürlendi. Ylymly talyp ýaşlar üçin bäsleşigiň bu şerti kyn düşmedi.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň gelen netijelerine görä “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”ýylynyň iň gowy talyby saýlanyldy. Jemlemelere laýyklykda bäsleşikde baş baýragy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mähri Şamyradowa mynasyp bolup, “Ýylyň talyby —2021” atly bäsleşigiň ýiňijisi diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary şeýle-de gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bizem öz gezegimizde Mährini tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, Hotmatly Prezidentimiziň saýasynda şeýle üstünlikleriniň höwri köp bolsun!

Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok