Berkarar Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren milliligi, medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Şol milliligimizi häzirki bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, ony gorap saklamakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Hormatly Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň öz elleri bilen bejeren gyzyl kürtesi hem-de gülli joraby tabşyryldy. Bu örän buýsandyryjy we guwandyryjy ýagdaýdyr. 1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapynda iňňän inçelik hem-de ussatlyk bilen ýerine ýetirilen kürte “tazy guýruk”, “içýan agyz”, “okgözi”, “gyýak” ýaly nagyşlar bilen keşdelenip, gülli joraby hem şol döwre mahsus bolan ajaýyp nagyşlar bilen ýerine ýetirilipdir. Örän çeperçilik, ussatlyk bilen ýerine ýetirilen bu işleriň üstünden ýarym asyr wagt geçse-de özüniň öwüşginini, owadanlygyny, asyl nusgasyny saklandygyna syn etmek bolýar. Bu taryhy waka örän ähmiýetli bolup, onda zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlaryna, edim-gylymyna, türkmençilik ýörelgelerine laýyklykda mynasyp derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Mährem käbämiz Ogulabat ejäniň ussatlyk bilen bejeren kürtesiniň hem-de gülli jorabynyň muzeýdäki ýerleşdirilen gymmatlyklaryň hataryna goşulmagy bolsa medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ony ýaş nesillerimize ýetirmekde asylly maksat bolup durýar. Türkmeniň milliligine aňryýany bilen düşünýän, el işlerinden ussatlyk bilen baş çykarýan Ogulabat ejäniň bu belent görüm-göreldesi zenanlarymyz, gelin-gyzlarymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak nusgalyk mekdepdir. Türkmen halkynyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň
öwreniji mugallymy.
Teswirler