2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdirýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdymyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda “Parahatçylyk –çagalaryň sesi” ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik üç ugur boýunça geçirilip, etrap, welaýat, şäher, döwlet tapgyrlaryna okuwçylar işjeň gatnaşdylar. Bu bäsleşikde has işjeňlik görkezip ýeňiji bolan okuwçylaryň atlaryny getirmegi makul bildik:
Surat çekmekde I ýer – Balkan welaýatynyň 11-nji orta mekdebiniň 11-nji “A” synp okuwçysy Ryzakow Arslan
Maket boýunça I ýer – Mary welaýatynyň 27-nji orta mekdebiniň 8-nji “A” synp okuwçysy Ataýewa Gülälek
Düzme boýunça I ýer – Balkan welaýatynyň Balkan şäheriniň iňlis dili Fizika we matematika okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 10 “A” synp okuwçysy Baýy Hojamyradow
II ýer surat çekmekde – Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýih Zaid Bin Sultan Al Nahaýan adyndaky Döwletliler Köşgüniň 11-nji synp okuwçysy Döwletgeldi Nuryýew
II ýer maket boýunça – Daşoguz welaýatynyň 7-nji orta mekdebiniň 4-nji “E” synp okuwçysy Polat Gurbangeldiýew
II ýer düzme boýunça –Aşgabat şäheriniň 106-njy orta mekdebiniň 11-nji “B”synp okuwçysy Selbi Nepesowa
III ýer surat çekmekde – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internadynyň 10-njy “E” synp okuwçysy Aknur Kabulowa
III ýer maket boýunça – Aşgabat şäheriniň 68-nji orta mekdebiniň okuwçysy Hemraýewa Nuranaý
III ýer düzme boýunça – Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 10-njy “B” synp okuwçysy Merjen Amanowa
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler
Men razy dal netijeden Yhlas Sohradow