Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda hereket edýän web saýtlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde dürli pudak edaralara degişli internet sahypalary Aşgabat şäheri barada seýrek we gyzykly kontentleri bilen gatnaşdy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirildi.
Bäsleşikde baş baýraga Türkmenportal habarlar saýty eýe boldy. Şeýle-de Halkara gatnaşyklar institutynyň resmi internet sahypasy we Milli Goşun žurnalynyň websaýty baýrakly orna mynasyp boldy.
Teswirler