TARYPA MYNASYP PAÝTAGTYM

Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhynyň altyn sahypalary örän möhüm wakalar, belli seneler bilen baýlaşdyrylýar. Mähriban halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de baş şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan toýlamaga taýýarlyk görýär. Şeýle şanly seneleri mynasyp derejede uludan belläp geçmek maksady bilen, gözel paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler bolsa, ekologik hem-de binagärlik taýdan gaýtalanmajak sungatyň göwher gaşy bolan Aşgabadyň arassa, jana tenekar howaly, gözel şäherleriň biridigini äşgär edýär.

Kalplary Gahryman Arkadagymyza hem-de bagtyýar zamanymyza alkyşdan doly eziz watandaşlarymyzyň uly dabara, uly şatlyk-şowhun bilen uludan toýlajak, çawy dünýä doljak bu şanly seneleriň taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljakdygy ikuçsyzdyr. Ýeňişlere beslenen şanly 30 ýyllyk ýoly egin-egne berip çekýän zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşýan mähriban halkymyzyň kalby eziz halkym diýip taýsyz tagallalar edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşdan, buýsançdan püre-pür!

Pursatdan peýdalanyp, beýik işleri bilen Watanymyzy berkararlyga, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren, ýaşlaryň buýsanjy – mermer şäherimiz Aşgabady dünýäniň gözel şäherleriniň hataryna goşan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Alyp barýan adyl hem-de ynsanperwer döwlet syýasatynyň dowamaty dowam, işleri rowaç bolsun! “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda gözel Aşgabadymyzyň her bir güni toýly, gadamlary batly bolsun!

Ýolly MYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok