Berkarar Watanymyzda buýsançly hem-de şöhratly taryhy bolan agzybir türkmen ili bu gün bagtyýar! Bu bagtyýarlyk her bir türkmen raýatynyň kalbynyň joşgunyna, eşretli durmuşynyň we geljekki ösüşiniň güwäsine öwrüldi. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty giňden dabaralanýar, umumadamzat bähbitlerine dahylly başlangyçlar öňe sürülýär. Millilik öwüşginleri çaýylan binalary Ginnesiň rekordlar kitabyna giren mermer paýtagtymyzy, welaýatlarymyzdaky şäherdir obalary, kämil tehnologiýaly ylym-bilim ojaklaryny synlanyňda taryhda döwlet döretmekde, kaşaň binalary gurmakda meşhur bolan türkmen halkyna gaýtadan döwran dolanandygyna, ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýoluny dowam etdirmekde dünýä ýüzünde nusgalyk ýörelgeleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň edýän tagallalarynyň janly şaýady bolmak bolýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren döwründe merjen şäherimiz Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar, dünýä derejesindäki at-abraýyny belende göterýär.
Bedew batly ösüşlere beslenýän zamanamyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzyň keşbi gün-günden özgerýär. Merjen şäherimiz Aşgabat – ak bagtyň nyşany, sebäbi aklyk bolup şugla saçýan ak mermerli ajaýyp binalary bilen göreni haýran edýän paýtagtymyz gözelligiň hut özi! Özüniň binagärlik we ekologik aýratynlyklary boýunça dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine hökmünde ak mermere beslenen paýtagtymyzda dürli öwüşginli binalaryň, ymaratlaryň, desgalaryň milli ruhda gurulmagy türkmen halkynyň binagärlik ýörelgeleriniň asyrlara ýalkym saçýan gadymy kökleri bilen sazlaşmasydyr.
Jahan SÖÝÜNOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň
öwreniji mugallymy.
Teswirler