Sanly hyzmatlaryň giň mümkinçlikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda  “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden kararyna laýyklykda “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy” tassyklandy.

Konsepsiýada hem-de maksatnamada we ony ýerine ýetirmek boýunça meýilnamada göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek we bu ugurda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça ýurdumyzyň karz edaralary hem yzygiderli işleri amala aşyrýarlar.

Häzirki döwürde döwrebap ösen innowasion sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiziň “Häzirki zaman bank hyzmatlaryny, elektron tölegleri ornaşdyrmagy çaltlandyrmaly hem-de nagt däl hasaplaşyk ulgamyny giňeltmeli. Durnukly pul dolanşygy üçin zerur şertleri döretmeli. Bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini ýokarlandyryp, berilýän karzlaryň netijeli bolmagyny hem-de wagtynda gaýtarylmagyny üpjün etmeli. Hususy pudagyň fiziki we ýuridik şahslaryň pul goýumlaryny çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmeli. Şeýle hem, banklaryň arasynda bäsleşigi döretmek arkaly hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmeli” diýip aýdanlaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly ulgam arkaly bank hyzmatlaryny ösdürmek bilen bagly giň gerimli işleri yzygiderli esasda alyp barýarlar, ösdürýärler we durmuşa ornaşdyrýarlar.

Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bank ulgamy hem yzygiderli esasda kämilleşýär, ösýär we özgerýär. Müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezilýär. Bu ulgamyň işiniň yzygiderli esasda ösdürilmegi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyply innowasion ösüşini üpjün etmegi, dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine ýetirmegi üçin wajyp bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan, sanly bank hyzmatlary babatynda geçirilýän özgertmeler bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklaryň düýpli üýtgemegini tapawutlandyrýar, hyzmatlaryň tizliginiň artdyrylmagyny hem-de hyzmat etmekligiň dürli ugurlaryny peýdalanmak arkaly müşderileriň wagtyny tygşytlaýar. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenýän sanly bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň artmagyna hem-de edilýän hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmäge banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.

Ýurdumyzda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ulgama halkara bank tejribesiniň iň öňdebaryjy usulýetini, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanşygyny üpjün ertmek sanly töleg ulgamlaryny kämilleşdirmek işleri esasy  wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzda sanly programma-tehniki serişdeler, sanly maglumat-aragatnaşyk serişdeleri we sanly maglumat ulgamlary ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda işjeň peýdalanylýar.

Ýurdumyzyň bank ulgamynda hem, innowasion syýasaty alyp barmak bilen, karz bermek, dürli ugurlara maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek we dürli görnüşli sanly tölegleriň tiz we özwagtynda geçirilmegini üpjün etmek, hasaplaşyk-töleg  amallarynyň ähli görnüşleri babatynda we nagt däl görnüşinde pul geçirimlerini gysga wagtyň içinde amala aşyrmak, bank kepilliklerini bermek, müşderileriň bank karzlaryna bolan islegleri yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly işler döwrebaplaşdyrylýar we ösdürilýär.

Ýurdumyzyň karz edaralarynda döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýan döwründe hem-de bu ugurlarda  geçirilýän çäreleriň netijesinde, ýurdumyzda nagt däl görnüşinde geçirilýän hasaplaşyklaryň gerimi günsaýyn giňeýär we sanly elektron töleg ulgamynyň hyzmatlaryndan işjeň peýdalanylýar.

Isgender Baýramow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok