Dizaýn-maket bezgleriniň sergi bäsleşigi geçirildi

Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli çykan “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby ylham alan talyplar “Arkadagly ak şäheri söýýäris biz” atly sergi bäsleşigine  gatnaşdy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelik-de Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Aşgabat şäheriniň binalarynyň dizaýn-maket bezeglerini taýýarlamak boýunça “Arkadagly ak şäheri söýýäris biz” atly sergi bäsleşigi geçirildi.

Bu sergi bäsleşigine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň taslamalary, nakgaş we grafika eserleri bilen gatnaşdylar. Talyplaryň işlerinde döwrümiziň üstünlikleri, täzelikleri, gurulan we gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap binalaryň taslamalary, ajaýyp gözel tebigatymyzyň astynda şahyrana keşpli ak mermer jaýlarymyzyň keşbi suratlandyrylan. Binalaryň daşky we içki bezeglerinde millilik, döwrebaplyk doly öz beýanyny tapýar. Türkmen halysynyň nagyşlary, tebigatdan alynan şekilleriň haşam nagyş sungaty milli binagärligiň özenini düzýär. Nakgaş eserlerinde ýyly reňkleriň üsti bilen çekilen Aşgabadyň gündizki we gijeki gözelligi peýzažyň üsti bilen ussatlyk bilen wasp edilipdir. Bu bäsleşik sergisine jemi 300-e golaý işler hödürlenip, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr.

Täze Aşgabadyň gözel keşbi şekillendiriş sungatynda şöhlelendirişi bilen bilelikde Köne Aşgabadyň fotosuratlary öz aýratyn ornuny tapdy. Fotosuratçy Muhammet Amanmämmedowyň mirasyndan  alynan  eserler bu serginiň aýratyn ornuny eýeledi. 1905-1907-nji ýyllara degişli fotosuratlarda ilkinji gurulan jemgyýetçilik jaýlar, ýaşaýyş jaýlar Aşgabat şäheriniň taryhy pursatlaryndan habar berýär. 1881-nji ýylda Aşgabat şäherine demir ýolyň gelip ýetmegi bilen şäheriň düýbi tutulýar. Ilkinji jemgyýetçilik jaýlar, ýaşaýyş jaýlar gurulup başlanýar. Taryhy ylmy maglumatlarda Aşgabat şäheriniň adynyň gelip çykyşy bilen baglanyşykly mysallary getirýärler. Aşgabat sözüniň doly manysy «Yşk şäheri» diýlip terjime edilýär. «Yşk, aşk» diýen arap sözi bilen, «abat» sözi pars sözi bolup, ol “abadançylyk”, “bagy-bossanlyk” ýa-da “şäher” diýen sözleri aňladýar. Ýagny, “Aşyklar şäheri” diýen düşünjäni berýär. Aşyklaň şäherine öwrülen Aşgabat dünýä halklaryny gözelligi bilen haýrana goýýar. Gadymy döwürlerde türkmen halkynyň gündeki durmuşda ulanan öý esbaplary, taryhy ilkinji ylmy kitaplar ýaş nesillerimizde terbiýeçilik ähmiýetini oýardy. 

Parahat ýurdumyzyň beýik üstünliklerini görkezýän taslamalar sergide tapawutly ýerleri eýeleýär. Dürli pasyllaryň  gaýtalanmajak pursatlary örän ýerlikli görkezilipdir. Türkmenistan ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri monumental binalaryň owadan keşbinde, gijeki pursatlarynda şahyrana duýgulary berýän iň ajaýyp pursatlardyr. Döredijilik işleri ýaş nesillerimizi watansöýüjülik ruhda terbiýelemek, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak, giň dünýägaraýyşly ýaşlar edip ýetişdirmek üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Jemal Toryýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy
 “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok