«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän şu ýylymyzyň her bir geçen güni bizi ak mermer paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerine barha golaýlaşdyrýar. Owadanlygy, özüniň göze gelüwliligi hem-de gaýtalanmajak nusgalyk gözelligi bilen sazlaşýan bu ymaratlar, ak mermerli binalar bolsa asuda asmanymyzda erkana ganat ýaýýan ak guwlara çalym edýär. Paýtagtymyzyň şu günki ajaýyp keşbinde Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillere nusgalyk döredijilik ýoly bar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilip, türkmen halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabynda hem orun alan şäherleriň biri boldy. Şeýle-de paýtagtymyz bu abraýly kitapda ýer alan birnäçe binalara eýelik edýär. Bu ajaýyplyklary synlanyňda Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladasyny, baş şäherimize bolan beýik söýgüsini görmek bolýar. Bedew batly ösüşleriň netijesinde günsaýyn artýan medeni-durmuş maksatly ajaýyp binalar, aklyk bolup şugla saçýan ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň owadan paýtagtymyza bolan ýürek joşgunyny artdyryp, daşary ýurtly myhmanlarymyzda hem ýakymly täsirleri oýarýar.
Bagtyýar döwranly Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini has-da ösdürmek, dünýä derejesinde şöhratlandyrmak boýunça alyp barýan beýik maksatly rowaçly menzilleri eziz Watanymyza bolan söýgüsinden nyşandyr. Muňa Mähriban Arkadagymyzyň pähim-parasadyndan dörän, ýaňy-ýakynda halkymyza gowşan “Ak şäherim Aşgabat” ajaýyp eserini okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Ybraýym GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler