Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde “AR” kafesi işläp başlady.

Türkmenbaşy şäherindäki Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde ýerleşýän “AR” kafesi tiz wagtyň içinde müşderileriň söýgisini gazanmagy başardy.

Kafe günde 24 sagat, hepdede 7 gün we ýylyň dowamynda 365 günläp müşderilere hyzmat edýär. Kafede diňe ýokary hilli we amatly bahadan hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem ähli gigiýeniki talaplar hem ýokary derejede berjaý edilýär.

Işgärleriň güler ýüzleri ýerli we daşary ýurtly ýolagçy myhmanlara uly lezzet berýär.
Teswirler