Esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän gözel Aşgabadymyzyň köçelerine, seýilgählerine seýle çykan her bir adamyň göwni açylyp, ylhamy joşýar. Şonda Garaşsyz Watanymyza, gözel paýtagtymyza bolan söýgi ajaýyp saza dönüp ýaňlanyp başlaýar.
Bize belli bolşy ýaly, türkmen kompozitorlary hem dürli döwürlerde, merjen şäherimizi wasp edip, onlarça ajaýyp aýdymlary, sazlary döredipdiler. Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Öwezowyň şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna döreden «Aşgabat», Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden «Aşgabat», Türkmenistanyň halk artisti Çary Nurymowyň şahyr Anna Kowusowyň sözlerine döreden «Aşgabat» atly aýdymlary halkymyzyň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi Weli Muhadowyň, şahyr Atadurdy Gurbanowyň goşgusyna döreden «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy öz şirinligi bilen tapawutlanýar. 1981-nji ýylda Aşgabadyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp döredilen bu aýdym, indi 40 ýyl bäri konsertlerde, teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp dur. Ruhubelent owazy bilen ýüreklerde orun alan bu aýdymyň ilkinji ýerine ýetirijisi Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewdir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen meşhur türkmen kompozitorlarynyň saýlanan eserleriniň notalary kitap bolup çap edilýär. 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Weli Muhadow. Saýlanan eserler» kitabynyň iň başynda ussat kompozitoryň «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy berlipdir. Bu aýdym örän akgynly ýaňlanyp, kalplary joşdurýar, gözel paýtagtymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar.
Ýakynda mähriban Arkadagymyz «Ak şäherim Aşgabat» atly täze goşgusyny peşgeş berdi. Pederiniň ýiti zehininden çykan goşga Kerim Berdimuhamedowyň döreden ajaýyp sazy Aziýaň dür-merjeni bolan Aşgabadyň waspynyň üstüni ýetiripdir. Goşgy we oňa döredilen saz hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda hem öz beýanyny tapypdyr.
Ýazberdi SARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler