Belli teatr artisti, režissýor Abdylla Ýakubow barada gürrüň edilende, ilki bilen “Aýgytly ädim” çeper filmindäki Ballynyň keşbi göz öňüne gelýär. Milli teatr we kino sungatymyzda uly yz galdyran, köpsanly zehinli ýaşlaryň ýetişmegine-de öz täsirini ýetiren Abdylla Ýakubow 1935-nji ýylyň 11-nji iýunynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda eneden bolýar.
Ol 1964-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň teatr režissýory hünäri boýunça tamamlap, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda özüniň ilkinji döredijilik işi hökmünde Alty Garlyýewiň “Agalar we çagalar” atly oýnuny sahnalaşdyrýar. Bu sahna teatr muşdaklarynyň arasynda uly söýgä mynasyp bolýar. Ilkinji sahnalaşdyran spektaklyndan ruhlanan režissýor soňra türkmen dramaturglary B.Suhanowyň “Çatrykda”, A.Täjowyň “Temen haltada ýatmaz”, G.Gurbansähedowyň “Jennet”, B.Amanowyň “Kemine”, A.Myradowyň “Muňa durmuş diýerler”, Ý.Mämmediýewiň “Ene toprak” atly sahna eserlerini sahnalaşdyrýar. Bu sahna eserleri teatryň režissýoryna uly üstünlik getirýär. Şunlukda ol döredijilik älemini has-da baýlaşdyrýar we belli rus dramaturglary A.N.Ostrowskiniň “Haram pul”, I.Sobolewiň “Geçilmez günä”, W.Şekspiriň “Söýgi we gazap”, B.Zakyýewiň “Yza”, “Ertir täze ýyl”, E.Filippanyň “Täze ýyl gijesi” atly dürli many-mazmunly sahna eserlerini sahnalaşdyrýar. Abdylla Ýakubow 70-den gowrak spektakllary sahnalaşdyrýar.
Belli teatr artisti, režissýory bolup adygan Abdylla Ýakubow kino artisti hökmünde hem giňden tanalýar. Belli artist, kinorežissýor A.Garlyýew “Aýgytly ädim” atly çeper filmi surata düşürende oňa baş gahrymanlaryň biriniň keşbini – Halnazar baýyň ogly Ballynyň keşbini döretmegi ynanýar. Bu filmden başga-da, ol “Tüssesiz ot bolmaz”, “Gara kerwen” ýaly çeper filmlerde-de dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşbini döretdi. Bu keşpleriň ählisi-de onuň zehinli artistdigini ýüze çykaryp, tomaşaçylaryň ýadynda galmagy başardy.
Režissýorlyk babatdaky döredijilik dünýäsi köptaraply we öwüşginlere baý Abdylla Ýakubow öz sahnalaşdyran N.Geldiýewiň “Seýdi”, W.Wişnewskiniň “Röwşen nala”, E.Filippanyň “Täze ýyl gijesi” ýaly teleoýunlarynda hem dürli-dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döredýär. Ol telespektakllaryň birnäçesini taýýarlap, tomaşaçylara hödürledi. “Gülle deşen telpekde” Guwanç baýyň , “Hasratly söýginiň kyssasynda” Jumaguly baýyň, “Gara bägüllerde” Beşer mollanyň keşbinde oýnap, ýatda galyjy täsin keşpleri döretdi.
Abdylla Ýakubow barada Amanmyrat Şagulyýew ýatlamalarynda şeýle belleýär: “Abdylla Ýakubow uly ýürekli, sahawatly adamdy. Ol artistiň iň kiçijek üstünligine-de ýürekden begenýärdi. Işdeş ýoldaşyň, halypanyň guwanjy, duýgudaşlygy, hemaýaty artisti bir gez beýgeldýär. Abdylla Ýakubow artistiň iň maýdaja gowşaklygyny-da bagyşlamaýardy. Emma onuň mertebesini-de peseldmeýärdi. Oňa sabyr takat öwredýärdi. Şol pursatlarda ol pähimli, erkli, belent göwünlidi…Abdylla Ýakubowyň spektakllary garaşylmadyk öwrümlere, öwüşginlere baý. Olar kimi üýşendirýär, kimi oýlandyrýar. Onuň töwekgekçilige baş uran pursatlaram az bolmandy.
Baş režissýoryň döredijilik ýolunda garaşylmadyk öwrümler köp boldy. Maryda on ýyl gowrak zähmet çekenden soň, ykbal tüweleýi ony Türkmenabatdan çykardy. Soň Daşoguza taşlady. Az wagtdan soň Aşgabada gondurdy. Soň ýene Mara dolap getirdi. Daragtyň nahaly näme, şonam şaha ýaýradansoň göçürseň, aňsat düýp tutmaýar. Baş režissýor bilen teatryň artistleriniň hyzmatdaşlygam bir günde sazlaşyp gidibermeýär. Sahnada her bir söz, her bir gerekli äheň, manyly garaýyş, bitewi keşp bolup dünýä inýär. Keşbi bilelikde, režissýoryň, artistiň hyzmatdaşlygynda dünýä indermek mümkin. Ýöne Abdylla Ýakubow bu ýagdaýlardan baş alyp çykmagy başarýan adam”
Türkmen teatr we kino sungatynda bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Abdylla Ýakubowa 1992-nji ýylda “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri”, 1993-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly atlar dakyldy. Şeýle uly hyzmatlary üçin mundan beýläk-de türkmen kino, teatr sungatynyň ussatlarynyň atlary bilen bir hatarda Abdylla Ýakubowyň ady hem ýaşamagyny dowam eder.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Peýadalanylan çeşme:
https://turkmenteatrlary.gov.tm/item/858
Teswirler