Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak-durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guralydyr

 Özgertmeleriň baş maksady – ýurdyň ösüşini, halkyň abadançylygyny üpjün etmekdir. Şu nukdaýnazaryndan, sanly elektron ulgamynyň ornaşdyrylmagy tizligiň, wagtyň we hil aýratynlyklaryň hem-de amatly mümkinçilikleriň has netijeli, köptaraplaýyn ämiýeti bardyr.

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň durnukly ösüşini mundan beýläk hem pugtalandyrmakda ykdysadyýetiň sanly gurşawyny ornaşdyrmaklygyň uly orny bardyr. Çünki ýurdumyzyň ösüşini häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde sanly ykdysadyýetiň bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir.

Ýurdumyzda döwrebap milli sanly ulgamynyň döredilmegi ilki bilen ilatymyzyň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmagyna, ýurdumyzyň ýokary depginli ösüşiniň üpjün edilmegine, Türkmenistan döwletimiziň ösen döwletleriň hataryna geçmegine we milli işewürleriň dünýä bazaryndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyna getirer.

Soňky wagtlarda ykdysady nazaryýetde we dürli döwletleriň ykdysady işjeňliginde “sanly ykdysadyýet” diýen düşünje has ýokary derejelere çykýar. Sanly tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegi, informasion giňişliginiň döwrebaplaşmagy we ykdysadyýetiň globallaşma hadysasynyň güýçlenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Maglumat jemgyýetçilik we hojalyk proseslerde çeşme häsiýete eýe bolýar we onuň ulanylmagy netijeliligiň ýokarlanmagy bilen ölçenilýän bilimlere öwrülýär. Bu işleriň yzygiderli esasda kämilleşmeginiň we ösdürilmeginiň esasynda durmuş-ykdysady gatnaşyklar pugtalanýar.

Sanly ykdysadyýet – bu ykdysadyýetiň täze görnüşi bolup, ol maglumatlaryň ulalýan göwrüminiň toplumuny döretmek, işläp bejermek, ony saklamak, ibermek we ondan peýdalanmak bilen bagly bolan gatnaşyklaryň jemidir.

Bu gatnaşyklaryň netijesi bolsa sanly elektron görnüşinde amala aşyrylýan hyzmatlar ulgamydyr. Häzirki zaman şertlerinde saglygy goraýyşy, bilimi, jemagat hojalygy, medeniýeti we beýleki ulgamlarda döwlet we hususy ulgamyň hyzmatlarynyň elýeterliliginiň we hiliniň ýokarlanmagynda internet ulgamynyň mümkinçiligi örän ýokarydyr.

Häzirki döwürde islendik ýurduň ösüşi, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sanly ulgam ösen döwrebap innowasion sanly tehnologiýalaryň çaltlyk bilen ösýän döwründe özboluşly aýratynlyga eýedir. Sanly elektron ulgamdaky okuw-usuly toplum, bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň sowatlylygy, olaryň oýlap tapyjy, dörediji bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr. Bu möhüm talabyň aýratynlygy ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynyň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary şertlerinde döwrebaplaşdyrylmagy bilen şertlendirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm orun berilýär.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem, talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, sowatly ýaşlar bolup ýetişmekleri, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan kämil baş alyp çykmaklary, şeýle hem, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ykdysady ösüşe ýetirýän täsirini seljermekleri babatynda çuňňur öwretmek maksady bilen, döwrebap girizilen “Sanly ykdysadyýet” okuw dersi boýunça institutyň professor-mugallymlary bu ugurlarda talyp ýaşlara bilim berýärler.      

Häzirki wagtda, ylym-bilim, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp başarnygyny açyp görkezilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Arslan Çerkezow
Türkmen   döwlet    ykdysadyýet   we

dolandyryş   institutynyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok