Türkmen edebiýaty adamzadyň aňyna täsir etmäge ukyply edebiýat. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň gőzellikleriniň jemlenmesi bolan baý edebi mirasymyzy, geçmişde ýaşan şahsyýetlerimiziň dőredijiligini ylmy taýdan őwrenmegiň zerurlygy bolsa tebigy suratda ýüze çykýar. Alym Arkadagymyz beýik şahsyýetlerimiziň, akyldar şahyrlarymyzyň edebi mirasyny düýpli hem ylmy çuňlugynda öwrenmeklik üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Uzak wagtyň dowamynda halkyň kalbynda ebedilik orun alan Magtymguly Pyragy milletiň Lideriniň taýsyz hemaýaty bilen őzüniň mynasyp ornuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde mynasyp bellemek maksady bilen gol çeken Karary hem, Arkadag Prezidentimiziň nusgawy edebiýatymyzyň ägirt sütüni şahyr Magtymgula goýýan beýik sarpasydyr. Hormatly Prezidentimiziň jőwher paýhasy şahyryň dőredijiligini haýsy ugurda őwrenmelidigimizi bize salgy berýär.
Magtymguly Pyragy dőwri, durmuşy anyk hem sada dilde beýan etmegiň ussady, gőrelde mekdebi. Bu neneň şeýle bolmasyn?! Çünki, bu mukaddes toprak Abu Sagyt Abulhaýyr Mäne baba, Mőwlana Jelaleddin Rumy, Hoja Ahmet Ýasawy, Dőwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe filosoflary, şahyrlary, beýik akyldarlary dünýä peşgeş berdi. Olaryň edebi taglymaty, çuň pähim – paýhaslary ynsanyýetiň gőzýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Pyragy bolsa edebiýat, medeniýet, pelsepe ummanynyň läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham, täsir alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldardyr.
Şahyryň duýgy dünýäsinde durmuşyň ähli ugurlarynda yşk düşünjesi esasy hereketlendiriji güýçdür, adam őmrüniň manysydyr. Şahyr sőýgä keramat, gudrat hőkmünde garaýar, ony hyýaly hasaplamaýar. Gündogar edebiýatynda däp bolan ýőrelgelerden tapawutlylykda, Magtymguly üçin sőýgi hyýalyň dőreden elýetmez duýgusy däldir. Yşk – şahsyýetiň watana, tebigata, jemgyýete, ýaşaýşa bolan gatnaşygydyr. Şeýlelikde, şahyryň şahsyýetiniň sypatynyň bütinleý täze bir tarapy açylýar. Ol őzüniň dőredijiliginde biziň beýik şahyrlarymyz bolan Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nesiminiň, Fizulynyň, Azadynyň edebi däplerine eýerendir. Ýőne munuň bilen hem çäklenmän, şol bir wagtda ol kitapdan geregini alyp, eser dőredendir we diňe XVIII asyr türkmen durmuşynyň derwaýyslyklaryndan, ilkinji nobatda-da, milli gymmatlyklardan ugur alyp eser ýazan şahyrdyr.
Beýik çeper söz ussady, dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragy ynsanyýete diňe akyl – paýhas öwretmek bilen çäklenmän, eýsem okyjysy bilen aýratyn täsirli dilde – ynsan duýgusyny güýçli tolgundyrmaga ukyply çeper keşbiň dilinde sözleşýär. Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini, őňdengőrüjiligi bilen kemala gelen şygyrlar ynsan kalbynda ebedi yz galdyrýar. Adamzadyň çeper hazynasyna baky giren ajaýyp edebiýatyň taryhyndan mälim bolşy ýaly, Magtymgulynyň çeper döredijiligindäki ähli ägirt işler, täzelikler, kämil hem-de özüne çekiji çeper görnüşler onuň dünýägaraýşy we ylhamlanmak duýgusy bilen bagly.
Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragy türkmen diliniň many goýazylygyny, şirinligini őz eserlerinde őrän nepislik hem ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Onuň beýik işleriniň, şahyrana ajaýyplygyň ýanynda gymmatbaha gőwher gaşlarynyň ýalpyldysy hem kőrek gelýär.
Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir tillerim
Arş içre mekan tutan ajap destanym bar meniň-
diýýän beýik Pyragynyň şygyrlaryny tolgunman okamak mümkin däl. Şeýle bolansoň, sőz mülküniň ägirdiniň sada dilde ýazylan şygyrlary kalba müdimilik keşde çekýär.
Söze ruh bermek sungatyna nazar aýlasaň, şeýleräk bir hakykata gőz ýetirýärsiň. Magtymguly beýleki sőz ussatlaryndan tapawutlylykda, türkmen edebiýatyna aýratyn hyzmatyny bagyşlady. Ol hem dünýä we onda adamyň orny, kämillik baradaky paýhasly pikirleriň ýokary derejede beýan edilmegidir. Magtymgulynyň tükenmez yhlas bilen ýazan yşky goşgulary hem okyjyny daşyndan bendi edýär. Şeýle şygyrlarda bir geňsi syryň bardygy aýan. Ol “kőňül gőzgüsine ýaryň adyny hekkaklyk eýläp gazmaly boldy”. Kőňlündäki yşkyň netijesinde dile gelen sőzleriň dürüni saýlap, ýaryň gőzel keşbini çekdi. Onsoň şeýle pikir ýüwürtmelerinden soň biygtyýar seriňe dolýan türkmen edebiýatynyň beýik ägirdiniň şahyrana dünýäsiniň syrly setirlerine nazar aýlamagyň őzboluşly täsiri kalbyňy gurşap alýar. Magtymguly Pyragynyň:
Mejnun menem Meňli hanyň odunda,
Ýanyp – kőýsem ýokdur onuň ýadynda,
Perhat – Şirin, Zőhre – Tahyr adynda,
Taglym alyp, boldum men hem perwana –
diýýän goşgy bendinde gőrkezilýän niçeme wagtlardan bäri Gündogaryň aýdymyna őwrülen aşyk – magşuklaryň sőýgi ykbalynyň lezzetini hem ezýetini Pyragy olardan has artygrak çekmeli boldy. Şonuň üçin şahyryň şahyrana dünýäsi őzüne maýyl edýär. Yşkdan burugsap duran dury kalbyň owazy őzüne maýyl edip, ylham gőnezligiňi arçap goýberýär. Ussadyň eserleriniň ynsan duýgusyna edýän täsiri adaty őlçegleriň çygryndan çykýar.
Beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek meseleleri alymlaryň őňünde keserip dur. Şahyryň edebi mirasynyň ylmy nukdaýnazardan őwrenilmegi űçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň műmkinçilikleri dőretdi. Beýik söz ussadynyň edebi mirasy türkmen ýaşlary üçin watansőýüjiligiň, asyllylygyň we ruhubelentligiň nusgasydyr. Onuň eserleri umumadamzat ahlak gymmatlyklarynyň — Watanymyzy we halkymyzy çäksiz söýmegiň, dostlugyň we wepalylygyň, ar-namysyň we belent mertebäniň senasy bolup ýaňlanýar.
Hapyzowa Mährijemal
Türkmen dőwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy
Teswirler