Buýsanjym sen, guwanjym sen Aşgabat

Ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiz Gahryman Arkadagymyzyň  giň göwrümli, aýdyň maksatly beýik işleri netijesinde  barha gözelleşýär. Eziz Watanymyz ykdysady taýdan dünýäde iň çalt ösýän döwletleriň hataryna goşulyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzda binagärlik babatynda asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde gözel paýtagtymyzda ulanylmaga berilen we ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar taryhy wakalaryň beýany boldy. Aşgabat şäherinde giň gerim bilen gurulýan ak mermerli binalardyr desgalar türkmen halkynyň guwanjyna öwrülýär.

Ýurdumyzyň şu taryhy wakalara taýarlyk görülýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy biziň ajaýyp durmuşymyzda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Has dogrusy, mähriban Arkadagymyzyň “Ak şäherim Aşgabat” atly bu täze kitaby türkmen halkyna ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli toý sowgady boldy.

Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabyny okanyňda,  ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň häzirki ajaýyp keşbine buýsanýarys we guwanýarys.

Aziýanyň ajaýyp göwher gaşyna öwrülen ak mermerli gözel Aşgabadymyz sözüň doly manysynda dünýäni haýrana göýýan şäher hökmünde tanaldy. Gözel paýtagtymyzda ak mermere beslenen kaşaň binalaryň, dürli binagarlik görnüşli desgalaryň sany ýylsaýyn artýar.  

 Milli şäher-gurluşyk senagatyna maksadalaýyk ornaşdyrylýan täze döwrebap sanly innowasion tehnologiýalar sanlyja ýylda bu möhüm pudakda düýpli özgertmeleri döretdi. Gözelligiň şäheri Aşgabadymyz bolsa munuň aýdyň mysalydyr. Ak mermerli şäherimiziň özgerýän, ösýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň üstünlige beslenýändiginden habar berýär. Ady bütin äleme aýdym bolup ýaňlanýan gözel paýtagtymyz asudalygyň, agzybirligiň we baky abadançylygyň merkezi hasaplanylýar. Sebäbi, gözel Aşgabadymyzyň täsin binagärlik gurluşy taýdan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda birnäçe gezek öz mynasyp ornuny eýelemegi hem Aşgabadyň bu gün ýer ýüzünde iň gözel şäherleriň biri hökmünde giň meşhurlyga eýe bolýandygyna bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyz görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Onuň yklymyň iň owadan we kaşaň şäherleriniň birine öwrülmegine, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, mähriban Arkadagymyzyň zähmeti tükeniksizdir. Islendik döwletiň ösüşi, onuň ykdysady kuwwaty paýtagt şäheriň keşbinde öz ajaýyp beýanyny tapýar.    

Aşgabadyň köşkler toplumyny, başy asmana direýän beýik-beýik ymaratlary, milli öwüşginli dürli-dürli binalardyr desgalary, ýaşaýyş jaýlary, göni we giň şaýollary, köp sanly halkymyzyň dynç almagy üçin niýetlenen owadan seýilgähleri, döwrebap ýerasty we ýerüsti geçelgeleri, dürli öwüşgünleri bilen gijelerini we gündizlerini haýran galdyrýan, owadan sekilleri bilen bezelen suw çüwdürimleri we ýaşyl zolaklaryny göreniňde ýurdumyzyň näderejede ösendigine, özgerendigine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna göz ýetirýärsiň.  

Bu işleriň hemmesi Arkadag Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

  “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden bellenilýän ak mermerli gözel şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bilen utgaşýar.

Eziz Watanymyzy rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, gözel paýtagtymyzy parahatçylygyň we dostlugyň merkezi hökmünde dünýä tanadýan mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Jennet Gulajowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok