Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän täze kitaby bolan “Ak şäherim Aşgabat” atly eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara konserwatoriýamyzyň halypa mugallymlary, talyp-ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Aýdym-sazlara beslenen bu dabarada gözel paýtagtymyzyň waspyny belentden ýetirýän Aşgabat hakyndaky aýdymlar joşgunly ýaňlandy.
Tanyşdyrylyş dabarada mukamçy kompozitor Dörtguly Durdyýewiň sazyna, Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen “Aşgabat” aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi, kompozitor Mergen Hydyrowyň sazyna, Döwletgeldi Baýramowyň sözlerine “Aşgabadym” aýdymy bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew ýerine ýetirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Weli Muhadowyň sazyna, Atadurdy Gurbanowyň sözlerine “Aşyklaryň şäheri” aýdymyny Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Aýna Seýitgulyýewanyň, “Gözel Aşgabat” aýdymy talyplar Dünýägözel Begaliýewa bilen Gurbanmyrat Jumanyýazowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy.
Dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa, konserwatoriýanyň talyby Sapa Sapaýew hem-de beýleki çykyş edenler hormatly Prezidentimize Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlan ajaýyp sowgady – “Ak şäherim Aşgabat” kitaby üçin Mähriban Arkadagymyza alkyş aýtdylar.
Gülzada Guldurdyýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.
Teswirler