Arkadagyň saýasynda Aşgabadym – ak bagtym,
Şanly toýuna barýar, äleme saçyp ýalkym!
Aşgabadyň taryhy 2 500 ýyllyk alyslykdan başlanyp, baý taryhy bolan şäherdir. Bu ýer asyrlaryň jümmüşinde durmuş gaýnap joşýan kerwen ýolunyň çatrygy bolupdyr. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň mermer paýtagty Aşgabat Garaşsyzlyk ýyllary içinde uly ösüşlere eýe boldy. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly seneleriň ikisi – Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylyklary uly dabaralar beslenýär. «Arkadagyň ak şäheri Aşgabat» bu gün agzybir halkymyzyň mähir-söýgüsinden kemal tapýar. Aşgabat – türkmen kalbynyň buýsanjy, ak göwünleriň aýdymy, ak ýollaryň hem-de päk arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäheri. Eşretli zamanamyzda paýtagtymyzyň gülläp ösüşleri biziň her birimiziň başyny göge ýetirýär. Ak mermere beslenip gözelligiň mizemez nusgasyny emele getirýän paýtagtymyz täze gurulýan döwrebap binalaryň hasabyna öz çägini ýylsaýyn giňeldýär. Bu bolsa Aşgabadyň häzirki zaman keşbinde döwrüň köpugurly ösen şäheriniň nusgasyny kemala getirmegiň esasyny şertlendirýär. Giň şaýollar, beýik binalar we ýaşyl baglar paýtagtymyza gaýtalanmajak gözelligini eçilýär. Gün nuruna öwşün atýan ak mermerli binalaryň töwerekleriniň al-elwan güllere, gür baglyga bürenmegi, gijelerine täsin yşyklandyryjylaryň özboluşly owadan sazlaşygy, täze gurlan giň hem owadan ajaýyp ýollaryň nuranalagy bilen goşulyşyp ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyny gözel şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýy mynasybetli halkymyza sowgat bermegi hem buýsançly waka boldy. Şol kitapda ýerleşdirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly adybir goşgusynda bolsa mähriban Arkadagymyz ylham çeşmesinden çykan her bir bendinde mermer paýtagtymyzyň waspyny giňden ýetirýär.
Aziýaň dür-merjeni,
Ak şäherim Aşgabat!
Dost-doganlyk merkezi,
Ak şäherim Aşgabat!
Ajaýyp keşbe, täsin binagärlige eýe bolan türkmen paýtagty Aziýanyň hakyky merjenine öwrülip, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Gözel paýtagymyz 140 ýylyň içinde agyr we kyn taryhy ýollary başdan geçirdi. Geçen sanlyja ýyllarda gözel paýtagtymyzyň taryhy merkezi doly döwrebaplaşdy. Aşgabadyň döränine ýaňy bir 8 ýyl bolanda, «Туркистанские ведемости» gazetinde şeýle diýip ýazylypdyr: «Aşgabat – uly we söwdegärler şäheri. Bu ýerde Eýran bilen söwda edýän merkez bar. Köçeleri göni. Umuman, şäher örän medeniýetli, diňe jaýlaryň ýasy üçekligi onuň Aziýa şäheridigini aňladýar. Bag köp, wokzal uly, amatly we owadan. Naharhanalary örän oňat, ähli zat bol we elýeterli». Aşgabadyň şähergurluşyk taýdan beýik ösüşleri paýtagtymyzyň ykdysady görkezijileriniň, onuň maýa goýum ýagdaýynyň işewürlik gurşawynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat Türkmenistanyň paýtagty hökmünde dünýäniň asuda, abadan, gözel şäherleriniň birine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň ençemesi özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilýär. Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda geçen sanlyja ýyllaryň içinde paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde iri desgalaryň, täsin seýilgähleriň, kottej görnüşli jaýlaryň şeýle-de durmuş maksatly binalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi.
Merkezi Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabada bolan söýgi ençeme ýyllardan bäri şahyrlaryň egsilmez ylhamynyň çeşmesi bolup gelýär. «Aşgabat, Aşgabat, janym Aşgabat, Watanym, şöhratym, şanym Aşgabat» diýip, şahyr kalbyny gözelligine bendi eden paýtagtymyzyň gündizlerine ak mermer binalary ýaşyl baglyklar bilen sazlaşyp, ajaýyp görnüşleri emele getirse, nurly gijelerde asman ýyldyzlaryna bäs edýän yşyklar gaýtalanmaz gözellik bolup kalbyňa dolýar. Aşgabadyň gijeki gözellikleri hemmeleri özüne bendiwan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik syýasatynyň esasynda Aşgabady dünýäniň iň gözel hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Aşgabat-siti» atly täze şäherçäniň gurluşygyna başlamak bilen Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň sanly tehnologiýalar döwrüne gadam basyp, şäher medeniýetiniň hem-de syýahatçylygyň ösmegine uly ýardam berer.
Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenýän döwründe «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESKO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna giriziler. Bu babatda ÝUNESKO-nyň Sekretariýaty tarapyndan Aşgabat şäheriniň dalaşgärligi resmi taýdan kabul edildi. Dalaşgärlik ýüztutmasy garaşsyz hünärmenler tarapyndan ýakyn birnäçe aýyň içinde gözden geçiriler we bu mesele boýunça gutarnykly karar 31-nji oktýabrda bellenilýän Bütindünýä şäherler gününiň öňüsyrasynda ÝUNESKO-nyň Baş müdiri tarapyndan yglan ediler.
Aziýanyň merjeni Aşgabat şäherimizi dünýä tanatmakda, binagärçilik aýratynlyklaryny ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, ak şäherimiz Aşgabat güllesin gül açsyn!
Meýlis SADYKOW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler