Ýaşyl gurşawly Aşgabat!

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigi

Gözel paýtagtymyz barada söz açanyňda, ilki bilen çar ýany gurşap oturan gür baglyklar, seýilgähler göz öňüňe gelýär. Bu ýerdäki bagy-bossanlyk gözel paýtagtymyza gelen myhmanlary haýrana goýýar.

Dürli döwürlerde dürlüçe atlandyrylyp, häzirki wagtda «Aşgabat» adyna eýe bolan bu seýilgäh şu günki günem paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolup durýar. Bag ekmek sogaply işleriň biri hasaplanýar. Munuň özi tebigatyň-da, adamzadyň-da sagdynlygyna edýän ajaýyp täsiri bilen baglanyşyklydyr. Tebigatda, bag-bakjaly ýerlerde wagtyň köp bölegini geçirmek adamyň saglygyny berkidýär, ömrüni uzaldýar.

Paýtagtymyzdaky köp ýaşan agaçlar barada-da buýsanç bilen gürrüň etsek, ol baglaryň häzirki wagtda-da ýaşyl öwsüp oturmagy, bir tarapdan, tebigatyň täsinligi bolsa, başga bir tarapdan, biziň tebigata mynasyp hyzmat etmegi başarýandygymyzy görkezýär. Aşgabadyň uzak ýaşly daragtlary hakda söz açylanda, 1897-nji ýylda Tbilisiniň botanika bagyndan getirilen, paýtagtymyzyň ozalky Köşi obasynyň çäginde ösüp oturan 124 ýaşly Eldar sosnasy, Aşgabat demir ýol menziliniň golaýyndaky öňki demirýolçular (häzirki Köpetdag sport toplumynyň Bedenterbiýe we sagaldyş toplumynyň) seýilbagynda ösüp oturan Aşgabat bilen ýaşytdaş 140 ýaşly tut agajy, Türkmenbaşy şaýoly bilen Görogly köçesiniň çatrygynyň günorta-günbatarynda ösüp oturan, üç asyryň şaýady bolan Glediçiýa agajy ýadyňa düşýär. Şeýle «ýaşuly» daragtlara Botanika bagynda, seýilgählerde we şäheriň beýleki köp ýerinde gabat gelmek bolýar.

Ahmet BEGMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok