Ýol gurluşygy fakulteti,
«Awtomobil ýollarynyň gurluşygy» kafedrasynyň mugallymy A.Goçakowa
Şäherleriň obalaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösmegi bilen ýurdumyzda ýollar ulag düzüminiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şonuň üçin mäkäm örtükli döwrebap ýollary gurmak zerurlygy ýüze çykýar. Döwrebap awtomobilleriň peýda bolmagy halkyň durmuş derejesini we hal-ýagdaýyny şöhlelendirýän awtomobil ýollarynyň gurulmagyny talap edýär. Häzir Türkmenistanda awtomobil ýollarynyň gurluşygy inžener-tehniki ölçegleri boýunça halkara standartlaryna kybap gelýär, şunda olaryň ýük göterijiligi, hereket tizligi, ýokary seýsmiki durnuklylygy we beýleki tehniki häsiýetnamalary göz öňünde tutulýar.
Çagyl, çäge, mineral külkesi we nebit bitumy garyndysyndan alynýan asfalt beton ýollary gurmak üçin esasy serişdeler bolup durýar. Düzüm oýlanşykly seçilip alnanda we olaryň häsiýetleri standartlaryň talaplaryna laýyk gelende şeýle örtükler onlarça ýyl hyzmat edip bilýär. Ýollaryň ýokary örtügini (dargaýan örtügini) düşemek üçin gyzgyn dykyz ownuk däneli we I kysymly çagylly asfalt-beton garyndylary, örtügiň aşaky gatlagy (esasy gatlak) üçin bolsa gyzgyn öýjük-öýjük iri däneli we II kysymly asfalt-beton garyndysyny ulanmak maslahat berilýär. I kysymly dykyz asfalt-betonlaryň öýjükliligi 15-20 %, II kysymlynyňky 18-22 % bolmaly. Düzümi kän çagylly (40-60 %) iri we ownuk däneli asfalt-beton garyndylary ýokary gyzgyna durnuklylygy, çat açmazlygy hem-de Türkmenistanyň howasy üçin häsiýetli bolan ýokary temperaturalarda akyp üýşmeleriň we süýşmeleriň emele gelmegine garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Ýol asfalt-betony dykyz we suwly bolmalydyr. Ol minerallaryň we bitumyň amatly düzüminiň hasabyna gazanylýar. Bitumyň artyk bolmagy agram astynda plastiki deformasiýalara, ýetmezçiligi bolsa maýyşgak jaýrylmalara, örtügiň soýulmalaryna, ýokary suw çekijiligine getirýär.
Asfalt-beton garyndylary taýýarlanylanda düzümleri mukdarlara bölmekde çagyl we çäge üçin 3% mineral külkesi we bitum üçin degişli düzümiň agramyndan 1,5% derejede ýol berilýär. Iriligi boýunça 5-10 mm, 10-20 mm, 20-40 mm bolan çagyl ulanylýar. Çagylda plastiki görnüşindäki däneler dykyz asfalt-betonlar üçin 15% ýokary bolmaly däl.
Has meşhur inžener-gurluşyk serişdeleriniň biri hökmünde bitumyň ulanylmagy onuň adgezion we gidrofob häsiýetlerine esaslanýar.
Bitumyň gurluşykda ulanylýan ugurlary giňdir, emma ýol gurluşygy bitumy esasy sarp ediji (90% golaý) bolup durýar – bu birinji nobatda nebit bitumynyň ýol örtükleri düşelende berkidiji hökmünde ulanmak üçin arzan we uniwersal serişde bolup durýandyry bilen baglydyr. Asfalt-beton garyndylaryny taýýarlamak üçin esasan 40/60, 60/90, 90/130 kysymly nebit bitumlary ulanylýar. Bitumlar saýlananda şepbeşik bitumlar ileri tutulýar. Mundan başga-da, has şepbeşik bitumlaryň gury we yssy howa has durnukly bolýandygyny nazara almak gerek. Bitumlaryň ýol gurluşygynda ulanylmagy ýollaryň örtügine dowamly howa durnuklylygy saklananda temperaturalaryň giň aralygynda ýokary statiki we dinamiki agramlary saklamaga mümkinçilik berýär. Ýol örtüginiň uzak saklanmagy köp babatda ulanylýan bitumyň görnüşine we onuň hiline bagly bolýar.
Mineral we organiki materiallaryň hiliniň pes bolmagy, asfalt-beton garyndylaryň amatly düzümlerine laýyk gelmezligi, asfalt-beton garyndylary taýýarlanylanda tehnologik talaplaryň hem-de olary örtmegiň tehnologiýalarynyň bozulmagy we netijede ýol örtükleriniň pes göterijilik ukyby awtomobil ýollarynda kemçilikleriň ýüze çykmagynyň sebäpleri bolup biler. Türkmenistanyň yssy howasynda asfalt-beton örtükleri ýokary temperaturalarda gyzgyna durnukly, temperaturalar üýtgäp duranda jaýrylma durnukly hem-de ýaz-güýz möwsümlerinde suwa durnukly bolmalydyr. Ýollaryň we ýan-ýodalaryň örtükleriniň düşelmegi köçeleri abadanlaşdyrmakda çylşyrymly we örän jogapkärli iş bolup durýar. Ýollarda we köçelerde pyýadalaryň we ulaglaryň hereketiniň artmagy bilen bagly aýratyn ýagdaýlarda şäher köçeleriniň çatryklarynda, ýerasty geçelgelerde adamlaryň we ulaglaryň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýän enjamlar ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň üzül-kesil usuly bolup durýar. Şäher tizlikli we magistral ýollar we köçeler üçin asfalt-betonlary I we II toparlaryň ýollary üçin maslahat berilýän görnüşleriň we kysymlaryň garyndylaryny; senagat-ammarlary etraplaryň – III derejeli ýollary üçin maslahat berilýän; galan ýollar we köçeler üçin – IV derejeli ýollary üçin maslahat berilýän garyndylary ulanmak gerek.
Teswirler