Ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimize pugta uýýan halkymyz toýa sowgatly barmak däbini döwletliligiň nyşany hasaplaýar. Ine, hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitaby gözel paýtagtymyzyň döredilmeginiň şanly 140 ýyllyk toýuna ajaýyp toý sowgady boldy. Täze kitap bagtyýarlyga beslenip ýaşaýan halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Bu ajaýyp kitap ak arzuwly Aşgabat şäheriniň döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeltmekdäki ornuny, mähriban halkymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmekdäki merkezdigini hem-de onuň dünýä bileleşigindäki wajyp ähmiýetini açyp görkezýär. Eserde gözel paýtagtymyzyň şöhratly taryhy geçmişi, nurana we bagtyýar şu güni hem-de aýdan aýdyň geljegi barada söhbet açylýar. Täze kitabyň «Giriş», «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar», «Göwni açygyň – ýoly açyk», «Aşgabat – dünýä binagärliginiň merjeni», «Toýlar toýa ulaşýar» we «Sözsoňy» atly bölümleri hem-de çeperçilik taýdan bezelişi okyjyny söýginiň şäheri bolan Aşgabat hakyndaky çuňňur oýlaryň dünýäsine atarýar. Bu kitapda ýerleşdirilen taryhy we häzirki zaman suratlar, merkezi şäherimiz bilen bagly edilen çykyşlar bolsa, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, beýleki milletleriň hem dünýä nusgalyk şäherimiz bolan Aşgabada ser salmaklaryna gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.
Aşgabat şäheri bu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwrebaplygyň nusgasy bolup öňe çykýar. Çünki paýtagtymyzda täze gurlup ulanylmaga berilýän binalar hem «akylly şäher» amatlyklaryna esaslanýar. Onuň demirgazyk künjeginde täze «Aşgabat citi» emele gelýär.
Şäher gurluşygynda halkymyzyň bagtly ýaşaýşyny gazanmak üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine, şäheriň abadanlaşdyrylmagyna we ekologiýa arassaçylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Kitapda beýan edilişi ýaly: «Halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhynda döreden we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen ruhy hem-de maddy gazananlaryny binagärlige siňdirmek, şeýdip, nesilden-nesle geçirmek, wagyz etmek hem möhüm wezipe bolup durýar… Ak mermerli paýtagtymyzda döredilýän her bir binagärlik nusgasy ýurdumyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, döwrüň belent ruhuny dabaralandyrýar».
Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mehanika we metallaryň tehnologiýasy
kafedrasynyň müdiri.
Teswirler