Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynyň” çäklerinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” uly üstünlikler bilen durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly ulaglar pudagynda hem amala aşyrylýan işler, gazanylýan oňyn netijeler, özüniň aýdyňlygy bilen bu ugurlardaky işleriň durmuşa ornaşdyrýandygyny subut edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup, adam bähbitlerine gönükdirilen bu özgertmeleriň netijeliligini artdyrmakda sanly ykdysadyýet birnäçe artykmaçlyklary özünde jemleýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ykdysady-maliýe görkezijilerini ýokarlandyrmakda ylymly, bilimli, başarnykly hünärmenleri seçip-saýlap almakda ýurdumyzyň degişliligi boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýagny, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplarynyň arasynda bäsleşik yglan edildi.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyp ýaşlary hem bu bäşleşige işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde göz öňünde tutulan mowzuklaryň, ýagny ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň girdejililigini artdyrmak maksady bilen, goşmaça hyzmatlaryň girizilmegi, multimodal logistikanyň ýola goýulmagy we üstaşyr gatnawlar üçin amatly şertleriň döredilmegi, awiakopmaniýany dolandyrmakda we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň artdyrylmagynda sanly ulgamyň, sanly ykdysadyýetiň giňişleýin ornaşdyrylmagy babatyndaky ugurlar boýunça talyplar öz teklipleri bilen çykyşlaryny beýan etdiler.
Türkmenistan döwletimizi “Ýüpek ýoluň çatrygy” diýlip ýöne ýerden atlandyrylan däldir. Sebäbi, ýurdumyzyň çäginden Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem ol sebitiň möhüm ulag, iri halkara logistika merkezine öwrülýär we halkara ölçeglerine laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär.
Howa ulaglary pudagynda hem sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, içerki we halkara howa gatnawlarynda ýokary hilli, netijeli we howpsuz ulag infrastrukturasynyň emele gelmegi çaltlandyrylýar.
Raýat awiasiýasy ulag hyzmatlaryny ösdürmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär.
Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwrebap iň täze uçarlar satyn alynýar, ýokary hünärli uçarmanlar hem-de tehniki işgärler taýýarlanylýar, bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar we halkara derejeli täze howa menzilleri gurlup ulanylmaga berilýär.
Howa ulaglary pudagynda döwrebap sanly innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy sanly özgerişleri başdan geçirýän dünýä ykdysady hojalygynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, islendik howa menziliniň diňe bir tehnologiýa babatynda meşhurlygynyň ýokarlandyrylmagyna däl, eýsem ýolagçy hem-de ýük dolanyşygynyň mukdar we hil görkezijileriniň hem artdyrylmagyna, hasabatlylygyň takyk alnyp barylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.
Kuwwatly üstaşyr ýük geçirmek mümkinçiliginiň döredilmegi ýurduň ykdysadyýetinde ýokary girdejili ulag hyzmatlary ulgamyny emele getirmäge ýardam etmek bilen geljekde onuň has kämil guramaçylykly ugamyny emele getirer.
Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlaryň eden çykyşlarynyň içinden has netijelileri saýlanyp alyndy we teklipler hödürlenildi. Netijede, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Menejment” fakultetiniň “Ykdysady kibernetika” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Muhammetmyrat Baýramowyň “Howa menzilleriniň hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly tehnologiýalaryň orny” atly nutugy, “Ykdysadyýet” fakultetiniň “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ulugbek Bazarbaýewiň “Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň ykdysady-maliýe ýagdaýynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ony berkitmegiň ýollary” atly nutugy we “Ykdysadyýet” fakultetiniň “Maliýe hukugy” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Aýbölek Kömekowanyň “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we maliýe-ykdysady görkezijilerini ýokarlandyrmagyň möhüm ugurlary” atly nutugy ýurdumyzyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hormat hatlaryna mynasyp boldylar.
Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek ugrunda köp sanly işleriň durmuşa geçirilmegi, edara-kärhanalarynyň iň täze döwrebap sanly innowasion tehnologiýalary peýdalanyp, täzeçillikleri girizmäge ukyply, giň gözýetimli ýaş hünärmenleriň taýýarlanylmagy döwrüň talabydyr. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda, ylym-bilim, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp başarnygyny açyp görkezilmegi üçin ähli şertler döredilýär.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýaşlaryň döwrebap bilim almakly üçin döredýän giň mümkinçilikleri we ýadawsyz yzygiderli berýän goldawlary üçin Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn!
Nurmuhammet Allanurow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň uly mugallymy
Teswirler