“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar.
Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutanlygynda beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Ata-Watanymyz, ak şäherimiz gözel Aşgabat belent ösüşleri başdan geçirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby çapdan çykdy we bu täze kitap külli türkmen halkyna ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli toý sowgady boldy.
Hormatly Prezidentimiziň täze “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyny okanyňda, ak mermerli gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň häzirki keşbine guwanýarys. Täze kitapda Aşgabat şäherimiziň düýni, Arkadagly ak mermerli gözel paýtagtymyzyň şu güni we ertiri ajaýyp wasp edilýär.
Mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabady hemmetaraplaýyn ösen şähere öwürmek baradaky maksady uly rowaçlyklara beslenip, gözel paýtagtymyzda kemala getirilen giň hem owadan köçeler, şaýollar, täsin görnüşe eýe bolýan dürli görnüşli suw çüwdürimleri, ähli amatlyklary bolan döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan belent ýaşaýyş jaýlary, söwda we hyzmat maksatly söwda merkezleri we beýleki binalardyr desgalar bu gün ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň guwanjyna öwrüldi. Ak mermerli gözel paýtagtymyzyň dürli maksatly gurluşyklary dünýäniň gazananlary, milli binagärçilik sungaty bilen sazlaşyp ajaýyp gözelligi emele getirýär.
Munuň özi şähergurluşygyny ösdürmegiň ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulan ugurlarynyň biridigine güwä geçýär. Paýtagtymyzda dürli maksatly binalardyr, desgalary gurmagyň iri taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ak şäherimiziň özgerýän, ösýän keşbi ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň üstünlige beslenýändiginden habar berýär. Türkmen halky “Ak zat alnyňa ýagşy” diýip ýagşy ýörelgä eýerýär. Paýtagtymyzyň ak mermerli gözel binalarydyr, ak ýollary türkmeniň ak kalbyna meňzeşdir. At-owazasy dillerde dessan bolup ýaňlanýan gözel Aşgabat şäherimiz agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidir. Halkymyzyň ýüreginde mukaddes ene topragymyza çuňňur söýgi bar, senaly dillerde bize döwletli döwrany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlary bar. Çünki bu beýik işleriň gözbaşynda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bar.
Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde gözel paýtagtymyzyň günorta künjeginde Çandybil şaýolunyň ugrunda täze döwrebap binalar toplumy açylyp ulanylmaga berildi. Bu gurlup ullanylmaga berilen binalar toplumy özüniň bezeg taýdan owadanlygy, belentligi we bu ýerde gurlan beýleki binalar toplumary bilen arhitekrura taýdan owadan sazlaşygyny emele getirýär we paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýar.
Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar, döwrebap täze innowasion tehnologiýalara daýanýan, sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary özünde jemleýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan dürli görnüşli maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Halkara ülňülerine laýyk gelýän we gurlup ulanylmaga berilen bu ajaýyp binalar toplumy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Paýtagtymyzyň täsin binagärlikgurluşy taýdan Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny eýelemegi hem Aşgabadyň bu gün ýer ýüzünde iň gözel şäherleriň biri hökmünde giň meşhurlyga eýedigine bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmegini üpjün etmek, dürli ugurlardaky işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek döwrüň talabydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň, ak mermerli gözel Aşgabadymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynyň öňsyrasynda halkymyza sowgat eden bu ajaýyp Şa serpaýy üçin mähriban Arkadagymyza buýsanýarys.
Goý, mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Wepa Iljanow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby
Teswirler