Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýurdumyzda durnukly ösüşiň üpjün edilýän döwrüdir. Bu gazanylan netijeleriň Diýarymyzyň ykdysady pudaklarynyň arasyndaky sazlaşykly ösüşiň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir.  Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek üçin birnäçe tagallalar edilýär.

     Häzirki wagtda ýurdumyzda köp basgançakly milli we dünýä tejribesini sazlaşykly durmuşa ornaşdyrmak, innowasion esasly bilim ulgamyny kemala getirdi.  Ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilimi elýeter etmekden ybarat bolup durýar.

     Ylmyň-tehnikanyň güýçli ösüp, önümçilige ornaşdyrylýan döwründe ýokary okuw mekdeplerinde geçilýän dersleri okatmagyň usullary hem täze öwüşgine eýe bolýar. Okadylýan sapaklarda interaktiw, multimediýa tagtalaryndan, kompýuterlerden, internet maglumatlaryndan, halkara tejribelerinden peýdalanyp okatmagyň döwrebap usullary ýokary netije berýär. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, bilim ulgamynyň işgärleriniň esasy wezipesiniň ylym-bilimde we tehnikada gazanylan oňyn netijelerine esaslanyp, ulgamy kämil derejede ösdürmekden, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

  Sanly bilim ulgamy – häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ynsanyýet üçin döredýän çäksiz mümkinçilikleriniň we oňyn şertleriniň esasynda  bütindünýä jemgyýetçiliginiň şu günki ýaş nesilleriniň zehin taýdan özgerişine,  aňyýet  babatda ösüşine täsir edýän  döwrebap tälim usulydyr.  Bu usulda dürli ugurlardan hünär  bilimini almaklyk üçin döredilen her hili programmalar, wideorolikler ýaşlaryň zehiniň özgermegine, öwredilýän sanly mowzugy diýseň aňsatlyk bilen kabul edip, aňyýetinde örän tiz özleşdirmegine ýardam edýär.

Perdegül DURDYBAÝEWA,

D.Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok