Ekologiýa çäresi rowaçlyga beslenýär

Bize mälim bolşy ýaly, ýakynda Aşgabat şäher häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10-25-nji maý günlerinde ekologik çäräni guramak barada başlangyç bilen çykyş etdiler. Şol çärelere ulaglaryň sürüjileri bilen birlikde türkmenistanlylaryň müňlerçesi jemlenýär. Welosipedli ýörişler durmuş, sport hem-de ekologik maksatly dürli taslamalary, pikirleri goldamak babatda ençeme ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biridir. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň abadançylyk, ekologiýa baradaky aladalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ilatymyzyň saglygyny şeýle-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr.

Geçirilýän ekologik çäreler tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň dowamydyr. Häzirki wagtda diňe ýurdumyzda däl eýsem-de dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýetine oňat seredilýär. Esasy ýüze çykýan ekologik meseleleri çözmezden ýaşaýyşy we durnukly ösüşi göz öňüne getirmek asla mümkin däl.

Gahryman Arkadagymyz her ýyl ýaş agaç nahallaryny ekmek boýunça ählihalk çäresine badalga berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň gülläp ösmegine has takygy “ýaşyl” zolaklaryň emele gelmegine şeýle-de howany arassa saklamaga, biodürlüligi gorap saklamaga ýardam berýär.

Kerim ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok