Ýurdumyz mähriban halkymyzyň ömürboýy arzuwlap ýeten şanly Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna eýe bolandan soň, täze ösüşler gazanyp, belent sepgitleri eýeläp, adyny dünýä tanadan döwletleriň biri boldy. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy, şol sanda gözel paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda uly işleri amala aşyrýar. Şonuň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjekleri täze keşbe eýe bolup, halkymyzyň rahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üpjün edilýär.
Türkmen halky “Türkmenistan – ynanyşmagyň we parahatçylygyň Watany” şygary bilen dowam edýän 2021-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýylygyny hem-de şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmäge uludan taýýarlyk görýär. Merjen paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün gözelligi, ajaýyp binagärlik keşbi bilen görenleri haýrana goýýar. Şunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde şähergurluşyk maksatnamasynyň çäginde birnäçe desgalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şol gurulýan desgalar diňe bir ýaşaýjylarymyzyň rahat ýaşamagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daş keşbiniň gözelligi, arassalygy bilen hem göwnüňi göterýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek –dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ol şeýle belleýär: “Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyz biziň gözümiziň alynda täsin hem-de owadan binalaryň hatary bilen öz çäklerini has-da giňeltdi. Şol belent ymaratlar baş şähermiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi”.
Ylymyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň şäher gurlyşygynyň derejesi çalt depginlerde ösýär. Ata Watanymyzyň milli Garaşsyzlygyna eýe bolmagy ähli ugurlar bilen bir hatarda, paýtagt şäherimiz Aşgabadyň binagärlik keşbini düýpli özgertmäge giň şertleri döretdi. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan şäheri hem-de özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň, işewür duşuşyklary geçirmegiň amatly merkezi hökmünde ykrar edildi. Döwrebaplygyň hem milliligiň özboluşly sazlaşygyny özünde jemleýän paýtagtyň iri desgalary döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ulgamlarynda öňde goýan wezipelerini, maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ajaýyp keşbini emele getirýär.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň eneçeme tapgyrlarynda gurlup ulanylmaga berlen medeni-durmuş maksatly ymaratlar, sport-söwda merkezleri, döwrebap edara binalary, seýilgähler halkymyza hyzmat edýär. Olaryň binagärlik keşbi, daş- töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy aýratyn täsir galdyrýar. Şeýlelikde beýik, owadan binagärlik toplumlary, giň şaýollary, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary, gök zolokly seýilgähleri, köp sanly köpöwüşginli suw çüwdürimleri bolan paýtagtymyz gysga döwrüň içinde Aziýanyň hakyky merjenine öwrüldi. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň işinde “ýaşyl ykdysadyýetiň” düzgünlerine eýerilýär. Ol düzgünlere laýyklykda gurluşykda ekologik taýdan arassa we energiýa tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalar ulanylýar. Günsaýyn ösýän, özgerýän ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri bu gun dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan “Mermer şäher”, ”Aziýanyň merjeni”, “Sebitde ylalaşdyryjy merkez” ýaly abraýly derejelere eýe boldy.
.
Bekowa Ýazgül.
Döwletmämet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň Ýapon dili mugallymy.
Teswirler