2021-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat – Orta Aziýanyň merjeni” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Aşgabadyň ekologiýa taýdan arassalygyny, onuň ykdysady ösüşlerini, taryhyny we şu gününi, ak mermer bilen örtülen binalaryny, onuň parahatçylyk dörediji merkezdigini hem-de doganlaşan şäherlerini, şeýle hem Aşgabadyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini beýan edýän temalar boýunça täsirli çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem, çykyşlaryň dowamynda ak şäherimiz Aşgabadyň janly keşbini beýan edýän prezentasiýaly we wideoşekilli teswirler görkezildi.
Şeýle ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň uly dabara bilen garşylanýandygynyň aýdyň alamaty bolup durýar.
Gunça BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby
Teswirler