Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Açyk gapylar” güni geçirildi

   Şu gün Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag  kommunikasiýalary institutynda “Açyk gapylar” güni mynasybetli paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi.

      “Açyk gapylar” gününiň geçirilmeginiň maksady bu hünär okuw mekdebiniň taryhy, taýýarlanylýan hünärler, medeni köpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş durmuş şertleri  boýunça gürrüň bermekden ybaratdyr.

       “Açyk gapylar” gününde ýaşlara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, institutda taýýarlanylýan hünärler, institutyň okuw binalary, barlaghanalary, tejribehanalary, kitaphana we institutda alnyp barylýan okuw terbiýeçilik işler barada giňişleýin maglumat berildi.

      Dabaranyň dowamynda bilime, ylma höwesli ýaş zehinlere hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talyp ýaşlar üçin edýän taýsyz aladalary, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan uly üstünlikler, ýeňişler, hem institutda taýýarlanylýan hünärler, medeni köpçülik çäreler barada giňişleýin gürrüň berildi.
      Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylaryna mugallymlarynyň, şeýle hem fakultetleriniň talyplarynyň taýýarlamagynda institutymyzyň we talyplaryň durmuşyndan taýýarlanan wideorolik görkezildi. Soňra mekdep okuwçylary institutymyzyň baş binasynda ýokary okuw mekdebimizdäki fakultetler, her hünäre degişli birnäçe kitaplar, şeýle hem institutymyzyň talyplarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gazanan ylym-bilim sport üstünlikleri barada guralan sergi bilen
tanyşdylar. Şeýle-de, ýokary derejede guralan bu tanyşdyryş çäresiniň dowamynda geljekki uçurym okuwçylar institutymyzyň kitaphanasy, mejlisler binasy, sport binasy, fakultetleriň binalary bilen hem  tanyşdyryldy. Hormatly Arkadagymyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde kitaphanada edilen işler, döredilen okuw portaly bilen içgin tanyşdylar.

    Okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara hem jogap aldylar. Ýokary okuw mekdebimiz barada geçirilen bu tanyşdyrylyş çäresi  ýaş zehinlerde geljekde okamaga, döretmäge has hem höweslendirendir diýip umyt edýäris.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok