Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Täçnabat Paýtykowa türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhy kökleri barada hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan ylmy maglumatlara esaslanyp çykyş etdi. Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy Begmyrat Ataýew iki dostlukly ýurduň arasyndaky anlyp barylýan hyzmatdaşlyklar, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Altyn Magtymowa türkmen we özbek ýaşlarynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar dogrusynda täsirli çykyş etdiler. Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Öwez Öwezow kitabyň ýaş nesiller üçin aýratyn ähmiýete eýedigi, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ornunyň bardygy barada öz çykyşynda aýratyn belläp geçdi.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler