Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Gahryman Arkadagymyzyň 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda kabul eden Aşgabat şäheriniň gününi döretmeklik hakyndaky Permany esasynda bu baýram milli senenamamyzda mynasyp orun aldy. Bu şanly sene şu ýyl paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllyk ýubileýi mynasybetli uly dabaralara beslenilip, bellenilip geçilýär. Ata Watanymyz Türkmenistanyň ýüregi hasaplanýan paýtagtymyz gözel Aşgabat il-günümiziň eşretli we bagtyýar durmuşynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň ak mermere beslenen binalarynyň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakadyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Aşgabadyň täze binagärlik keşbi parahatçylygyň, ynanyşmagyň we bagtyýarlygyň nyşany hökmünde dünýä nur saçýar. Olimpiýa şäherçesi, «Ylham» we «Aşgabat» seýilgähleri, «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezleri, Janly tebigatyň milli muzeýi, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň üstüni ýetiren «Welosiped» monumenti, «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş toplumy… Bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Ýakyn wagtda baş şäherimiziň demirgazygynda Türkmenistanda ilkinji gezek 30-35 gatly binalaryň gurluşygyny özünde jemlejek «şäher içinde şäher» ýörelgesi boýunça taslanylan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumy peýda bolar. Bu bolsa paýtagtymyzyň at-owazasyny has-da belende göterer. Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hem-de Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň şanly baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýän döwürde Aşgabadyň ter güllere jäheklenen şaýollaryna, gür baglyga bürenen ajaýyp seýilgählerine, gözel ýerlerine syn edeniňde, kalbyňda ata Watanymyza söýgiň, buýsanjyň artýar. Owadan paýtagtymyz Aşgabatda gelýän myhmanlary haýran galdyrýan özboluşlylyk bar. Ata Watanymyzyň baş şäheriniň keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, milli binagärlik ýörelgeleri we bu ugurdaky baý tejribesi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelendirilýär.
Goý, halkymyzyň buýsanjy merjen şäherimiz Aşgabady ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary mundan buýana-da rowaçlyklara beslensin!
Gülşat HOJAMOWA,
D.Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň
mugallymy.
Teswirler