Halkara ynsanperwer hukugynyň bäsleşigi geçirildi

Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle hem Halkara ynsanperwerlik hukugyny we Halkara Gyzyl HaçKomitetini esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bäsleşik geçirildi.

2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hukuk fakultetleriniň talyplary üçin halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bäsleşik yglan edildi.

Bu bäsleşik Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimleri özünde jemlemek bilen, bäsleşige gatnaşyjylaryň halkara hukugy we halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimlerini artdyrmaga we tejribede ulanmagyna gönükdirilendir. Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy.

Şeýlelikde, bäsleşigiň esasy şertleri, her ýokary okuw mekdebinden 6 sany talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşmaly we toparyň özleriniň saýlap alan nyşany bolmaly hem-de bäsleşik 4 şertden ybarat bolup, bäsleşige gatnaşyjylar öňünden berlen şertlere laýyklykda taýýarlanmaly. Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär.

Bäsleşigiň netijelerine görä, eminler iň gowy topara we iň gowy çykyş edene Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary berdiler. Bäsleşigiň dowamynda eminleriň saýlamagy netijesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary degişli tertipde baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Kyýat ILAMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok