Gözellige nusga şäher

Paýtagtymyzyň merjen şähere deňelmegi bu ýöne ýerden däl sebäbi gözelligini görmäge göz gerek ajaýyp binalaryň şuglasy dünýä nur saçýar. Şu ýyl gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. Has dogrusy, öňümizde gurulmagy meýilleşdirilýän binalar Aşgabadyň gözelligine has-da gözellik goşar.

Milli Liderimiziň: “Aşgabat suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýgüniň şäheridir.” – diýen parasatly taglymynyň çuň mazmunly baý pelsepesi hem “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitapda Orta Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabady jennet mekanyna öwürmek meselesiniň öz öňünde goýan maksatlarynyň esasylarynyň biridigini belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze ajaýyp kitabynda örän jaýdar belleýşi ýaly, ak şäherimiz Aşgabadyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim, gumanitar-medeni, syýahatçylyk we sport ugurlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýän iri halkara we sebitleýin ähmiýetli maslahatlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülmegi bilen, paýtagtymyzda abraýly halkara guramalarynyň wekilhanalary açylýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagy ugrunda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün mermer paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Halkymyzyň buýsanjy merjen şäherimiz Aşgabady ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Kakabaý KAKABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok