Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň örän çuň many-mazmunly ajaýyp taglymlarynyň birinde belleýşi ýaly, türkmenler Oguz han döwründen bäri kitaba iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik hökmünde garapdyrlar[1]. Hut şu nukdaýnazardan-da, mundan 140 ýyl ozal — paýtagtymyz Aşgabat esaslandyrylanyndan soňra bu ýerde ilkinji medeni, aň-bilim edarasy hökmünde ýurdumyzda häzirki wagta çenli hereket edip gelýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işläp başlamagy türkmenler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy galkynyş bolupdyr. Bu kitaphana öz esaslandyrylan wagtyndan 1921-nji ýyla çenli «Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy», 1921-nji ýyldan 1924-nji ýyla çenli «Türkmen oblastynyň jemagat kitaphanasy», 1924-nji ýyldan 1992-nji ýyla çenli «Karl Marks adyndaky Türkmen döwlet respublikan kitaphanasy», 1992-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli «Nurmuhammet Andalyp adyndaky milli kitaphana», 1997-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky milli kitaphana», 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinden bäri bolsa «Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy» diýlip atlandyrylýar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen ýaşdaş kitaphana diýsek hem, hakykatdan daş düşmeris. Çünki, kitap öwreniji uly alym, kitaphanaşynas we Orta Aziýanyň bibliografy, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Almaz Ýazberdiýewiň 2018-nji ýylda çykan «Türkmenistanyň kitaphanaçylyk işiniň taryhy» atly kitabynda: «Aşgabadyň welaýat Jemagat kitaphanasy 1802–1917-nji ýyllar aralygynda nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň dürli ýurtlarda öz asyl nusgalarynda, ýagny arap elipbiýinde iberilen 1500-e golaý neşirlerini öz gaznasyna almandyr.»[2] – diýip bellän beýany bu kitaphananyň 1982-nji ýylda-da hereket edendigini görkezýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň paýtagtymyz Aşgabatda gurlan ilkinji binasy 1897-njy ýylyň 29-njy dekabrynda açylypdyr[3]. Soň bolsa, bu kitaphana üçin iki gatly has kaşaň owadan bina 1902-1904-nji ýyllarda gurlupdyr. Paýtagtymyz Aşgabadyň ilkinji kitaphanasynyň bu binasy 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde weýran bolýar. Soň kitaphana wagtlaýyn binada ýerleşdirilipdir[4].
1976-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň şol döwrüň ajaýyp binagärlik gurluşyny özünde jemleýän täsin binasy gurlup ulanylmaga berildi. Bu bina häzir hem taryhy bina bolup, paýtagtymyzyň merkezinde ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbine özboluşly bir üýtgeşik görk goşup otyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 2007-nji 16-njy fewralyndan bäri Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýerleşýän binasy ýurdumyzyň raýatlarynyň, hususan-da talyp ýaşlaryň gelim-gidimli taryhy binasyna öwrüldi. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň 1976-njy ýylda gurlan binasyna gezelenç etdiler we bu taryhy binanyň binagärlik gurluşy bilen has içgin tanyşdylar.
Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna 1992-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Millilik derejesi derejesi berildi. Bu kitaphananyň häzirki zaman döwrebap binasy 2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy bilen, açylyp ulanylmaga berildi.
Çinigül HAITBAÝEWA.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
[1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Medeniýet – halkyň kalbydyr. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 125-nji sahypa.
[2] Ýazberdiýew A. Türkmenistanyň kitaphanaçylyk işiniň taryhy (VII asyrdan 1917-nji ýyla çenli döwür). Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018. 130-njy sahypa.
[3] Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. “Ylym” neşirýaty. 1992. 456-nji sahypa.
[4] T. Sahydow, G. Musaýew. Türkmenistanyň medeniýetiniň taryhy. Ýokary okuw mekdepleriniň taryh hünäriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. Aşgabat, 2010. 109-njy sahypa
Teswirler