Arkadagyň ylhamy sen Aşgabat

           Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

     Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 7-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministirler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda özüniň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi we bu täze kitabyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna sowgat boljakdygyny aýtdy. Hakykatdan-da, milli Liderimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze ajaýyp kitaby türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly sowgatdyr. Bu mukaddes kitap baý taryhy maglumatlara baý bolup, onda Aşgabat şäheriniň dürli döwürleri barada gyzykly wakalar beýan edilýär. Kitapda Aşgabat şäheriniň häzirki keşbi dogrusynda hem okyjylary gyzyklandyrjak maglumatlar köpdür.

     Milli Liderimiz “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabady bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlarynyň, yzygiderli gurulýan edara binalarynyň, senagat kärhanalarynyň, zawodlaryň, banklaryň, söwda merkezleriniň, häzirki zaman myhmanhanalaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny beýan edýär. Bu täsin kitapda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, kitaphanalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň we merkezleriniň, medeni köşkleriň paýtagtymyzyň medeni-ruhy derejesini görkezýändigi barada bellenilýär.

     Dünýäniň iň gözel we ajaýyp şäherleriniň birine öwrülen paýtagtymyzyň çäkleriniň täze ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat  we seýilgäh zolaklarynyň gurulmagy bilen barha giňelýändigi baradaky çeper pikir ýöretmeler hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň içinden eriç-argaç bolup geçýär.  Täze kitapda paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbi bilen sazlaşyp gidýän taryhy merkezini döwrebaplaşdyrmaklyk maksatnamasynyň hem giň gerime eýe bolýandygy barada aýratyn bellenilýär.

Gaýgysyz KERIMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok