«Parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazy» atly hor festiwaly geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, wokal sungatynyň ussatlarynyň «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň owazy» atly ýurdumyzyň hor festiwaly geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Festiwalda Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýokary, ýörite orta sazçylyk hem-de ýörite sungat okuw mekdepleriniň döredijilik toparlary, çagalar sungat mekdepleriniň hor toparlary, şeýle hem saz bilimi bolan wokal aýdymçylary türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Üç günläp dowam eden festiwalyň dabaraly ýapylyşy 3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki we hor topary, Türkmenistanyň Döwlet hory, şeýle hem ýaş wokal aýdymçylar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.

Azim Geldimämmedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok