Lebap welaýat baş bilim müdirligi el işleri, senetçilik bilen meşgullanýan bilim işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde sergi bäsleşigi geçirdi.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli guralan çärä welaýatyň etrapdyr şäherlerindäki orta mekdeplerde, çagalar baglarynda zähmet çekýän bilim işgärleri gatnaşdy. Sergi bäsleşige el işleriniň ýüze golaýyny hödürledi. Işleriň arasynda heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk, suratkeşlik, zergärçilik, halyçylyk, agaç ussaçylygy we amaly-haşam sungatynyň dürli eserleri bar.
Sergi-bäsleşige öz döreden el işlerini hödürlän bilim işgärleriniň 30-a golaýy welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan baýraklar bilen sylaglandy. Welaýatyň bilim işgärleri esasy işinden boş wagtlarynda amaly-haşam sungatynyň eserlerini döredýärler, senetçiligiň gadymy görnüşlerini ýaşlarada öwredýärler.
Aýnur Orazowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň Dokma önümçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler