Döredijilik gezelenji geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli döredijilik gezelenji geçirildi. Gezelenje ýurduň medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Häzirki günlerde ak şäherimiz Aşgabadyň goýny belent toý dabarasy bilen gaýnap joşýar. Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyzyň dünýä belli bolan täsin binalaryna edilen gezelenç belent toý şatlygyny alamatlandyrdy. Her bir döwrebap binanyň ýanynda aýdymlar aýdyldy, şygyrlar okaldy, mukam-sazlar belent ýaňlandy.

Ýunus Tagandurdyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok