Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli binalar dürli öwüşginli yşyklar bilen bezeler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny geçirdi. Paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň depginleri barada, şeýle hem Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow hasabat berdi.

Häkim Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli şäheriň baýramçylyk meýdançalarynyň, käbir binalarynyň dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelişiniň görnüşlerini hem-de şekillerini görkezdi.

Şanly sene mynasybetli häzirki zamanyň yşyklandyryş ulgamynyň, täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dörediljek älemgoşar öwüşginli gözellik halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşar. Munuň özi 140 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp derejede garşylaýan şäheriň bezeg aýratynlyklaryna, onuň arassaçylygyna, abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýany bolup durýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak şanly seneler mynasybetli açylmagy meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň we olaryň hil babatda bildirilýän talaplara laýyk gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda şäher häkimine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Bu gün Aşgabat döwrebap we sazlaşykly ösýän şäher hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde adam hakyndaky alada esasy orunda durýar.

Döwlet Baştutany “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň her bir gününiň uly üstünliklere, täze ýeňişlere beslenmelidigini aýdyp, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda şanly seneler mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynda, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda gurluşyk senagatyna möhüm ornuň degişlidigini belledi we gurluşyklaryň hiliniň hem-de depginleriniň häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şäheriň bezeg işleri, öňde boljak dabaralar baradaky gürrüňe degip geçmek bilen, häzirki zaman yşyklandyryş we sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän köp öwüşginli bezegli binalaryň ýanynda döredijilik işgärleriniň çykyşlarynyň guralmagynyň, şäheriň meýdançalarynda baýramçylyk ýörişlerini geçirmegiň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly çäreleriň ähmiýetini belläp, onuň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleri geçirmek, mekdep okuwçylarynyň şäheriň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak boýunça wise-premýere hem-de häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Maksatmyrat Myratgulyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok