Tejribeli ykdysadyýetçi buhgalter we audit Temirow Ata Çaryýewiç Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda talyplara we telekeçilere ykdysadyýete we maliýe hasabatyna degişli esasy meseleler barada açyk sapak berdi.
Ykdysadyýet we maliýe bilen baglanşykly düşünjeler örän sada we ýönekeý dilde düşündirilmegi, ähli gatnaşyjylaryň göwnünden turdy.
Ata Temirow öz mugallymçylyk karýerasynda onlarça ökde hasapçylary hem-de ykdysadyýetçileri ýetişdirdi we şu günki günde ýetişdirmäge dowam edýär.
Ata Temirow maliýe sowatlylygynyň kiçi ýaşlardan başlamalydygyna, pul bilen baglanşykly düşünjeleri çagalar bilen kiçi ýaşdan gorkman gürleşip, pikir alyşmagy maslahat berýär. Bir döwletiň güýçli binýadyny gurmak üçin ilki bilen ökde lukmanlar we ykdysadyýetçiler gerekdigini nygtaýar.
Teswirler