Türkmenistanda çagalar dynç alyş merkezlerindäki taýýarlyk işleri tamamlanýar

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N. Amannepesow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky, Aşgabat şäherindäki we Awaza milli dynç alyş zolagyndaky çagalar üçin niýetlenen dynç alyş merkezlerindäki taýýarlyk işleriniň tamamlanandygyny sanly aragatnaşyk arkaly habar berdi. Ministr Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça adatdan daşary komissiýa döredilip, çagalaryň dynç alyş edaralaryny we oýun meýdançalaryny taýýarlamak ugrunda ýörite iş alyp barandyklary barada hasabat berdi.

Saglygy goraýyş ministri dynç alyş merkezlerinde bolmak üçin rugsatnamalaryň ministrlikler we pudaklaýyn bölümler tarapyndan berilýändigini belledi. Şeýle-de ministr ýokanç keselleriň öňüni almak we ilatyň saglygyny gowulaşdyrmak we dynç almak isleýän ähli raýatlara sanjym edilmelidigini belläp geçdi. Munuň üçin ýaşaýan ýeriňdäki saglyk öýlerine ýüz tutmak zerur. Şol ýerden degişli rugsady alyp, Döwlet migrasiýa gullugyna habar berilmelidir. Sanjym edilendigi we lukmançylyk barlagyndan COVID-19 synagyndan soňky 72 sagatda geçendigini tassyklaýan resminama dynç almak üçin zerur hasaplanylýar.

Saglyk şypahanalarynyň we myhmanhanalaryň hyzmat işgärleri zerur şahadatnamalary, şol sanda sanjym resminamalaryny almak üçin degişli lukmançylyk barlagyndan geçerler. Işgärler her 15 günden bir gezek çalşylýar. Her täze çalşyk hökman lukmançylyk barlagyndan geçer. Şeýle hem, dynç alyş merkezleriniň ýanynda barlag nokady işleýär. Deňizde dynç almaga gelenler gelen ýerinde (wokzalda, howa menzilinde) myhmanhana ulaglary bilen garşylanarlar we dynç alýan ýerine äkidiler. Dynç alyşdan soň hem yzyna getiriler. Saglygy goraýyş ministri Awazada ýeterlik dynç alyş we howpsuzlygy üpjün etmek üçin birnäçe ministrlikleriň, bölümleriň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we beýleki edaralaryň öz wezipeleriniň bardygyny belläp, raýatlaryň arkaýyn dynç almaklary üçin ähli çäreleriň görüljekdigini aýtdy. Alnan maglumatlary jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlyk görmek we  öňüni alyş çärelerini berk berjaý etmek üçin hökmany sanjymlaryň zerurdygyna ünsi çekdi.

Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok