ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd Türkmenistandaky wezipesini tamamlaýar
2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanda öz wezipesini tamamlaýan ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd bilen duşuşdy. Bu barada turkmenportal habarlar saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda ministr Türkmenistanyň dünýäniň abraýly guramalary, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtady. Halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, hzymatdaşlygy ösdürmek, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine şert döretmek üçin Türkmenistanyň we ÝHHG-nyň arasynda dürli programmalar işlenip düzülýär. Daşary işler ministri öz gezeginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin Natalýa Drozda minnetdarlyk bildirdi.
Belläp geçsek, Natalýa Drozd bu wezipä 2016-njy ýylyň 9-njy iýulynda başlapdy. 2020-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa “Garaşsyzlygy, özygtyýarlygy, hemişelik Bitaraplyk hukuk statusyny berkitmekde goşan goşandy üçin” “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglanypdy.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler