Hasabat konserti geçirildi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy,  hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli mekdebiň hasabat konserti geçirildi.

Häzirki döwürde bu mekdepde: kirişli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano, saz nazaryýeti, horeografiýa, umumy fortepiano bölümleri hereket edip, okuwçylara horeografiýa we saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça tälim berilýär. Bu ajaýyp dabarada hem saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan ýaş zehinler özleriniň baýramçylyk sowgatlary bilen çykyş etdiler. Mekdebiň ýaş simfoniki orkestri, halk saz gurallar orkestri, “Mukam” skripkaçylar, “Güneş” hor, tans, dutarçylar, tarçylar, gitaraçylar toparlary, saz gurallarda ýekelikde ýerine ýetirijiler we ýaş aýdymçylar çykyş etdiler.

Konsertde zehinli çagalar türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. N. Halmämmedowyň “Hüwdi”, Ç. Nurymowyň “Aşgabat”, B. Hudaýnazarowyň “Çalsana bagşy”, Röwşen Nepesowyň “Näzlim” W. Ahmedowyň “Gopuzly gyzlaryň tansy”, W. Abaýewanyň “Gündogar noktýurny” ýaly birnäçe täsirli aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy,  hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu ajaýyp konsertde Türkmenistanyň halk artisti G. Neýmark, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ö. Gandymow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri A. Hojagurbanowa, G. Ödeniýazowa, I. Osipowa, D. Gylyçmyradowa, O. Nadjapow ýaly zähmet çekýän halypa mugallymlaryň  şägirtleri özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

Maýsa GOÇGELDIÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň talyby. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok