2021-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň “Paýhas we parasat” ylmy gurnagynyň guramagynda Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherindäki “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gezelenç edildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Täsirli geçen gezelenjiň dowamynda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň içindäki “Watan mukaddesligi” muzeýine aýlanyldy. Ol ýerde mugallymlar talyp ýaşlara muzeýiň içindäki ähli Watan Gahrymanlarymyz, şeýle-de söweşlerden alnan bölekleýin şekiller, şol döwürde halkymyzyň durmuşyny suratlandyrýan taryhy maglumatlar barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şonuň ýaly hem ol ýerde ýerleşdirilen ajaýyp heýkeller, gadymy türkmen galalarynyň we obalarynyň keşpleri, bäş sany sütüniň içinde ýerleşdirilen “Baky ot” ýadygärligi we beýleki şekilli görnüşler talyp ýaşlarda ata Watanymyza bolan söýgüni, baky Gahrymanlarymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.
Şöhle MUMINOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
5-nji ýyl talyby.
Teswirler