Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
– Paýtagtymyzda öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikirleriň soňky gazananlary milli binagärligiň gadymy däpleri bilen özboluşly sazlaşýar.
– Paýtagt şäherimiz Aşgabat Berkarar döwletimiziň ykdysady, medeni ösüşleriniň aýnasy hökmünde ýylsaýyn örän sazlaşykly ösüp gözelleşýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ady bilen geçýän bu ýylymyzda ady aýdymdyr şygra öwrülen, Aziýanyň Merjen şäheri, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly toýuna uly taýýarlyk görülýän häzirki taryhy döwürde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren ak şäherimiz Aşgabadyň islendik künjegine baranyňda hem gözelliklere, täsinliklere, ajaýyp ak mermerli binalara, heýkellere gözüň düşende kalbyň buýsanja dolýar.
Sungat diýmek näme?
Bilýärmisiňiz?
Ele alýarlar-da ýiti keseri,
Lokga daşyň ähli artyň bölegini
Ýonup döredýärler ajap eseri.
Ussat şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň goşgy setirlerinde beýan edilýän şeýle ajaýyp sungat eserleriniň biri hem paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän halkymyzyň öz Arkadag Prezidentine bolan çuň söýgüsiniň nyşanyna öwrülen “Arkadag” binasydyr. Beýik dag gerşini ýatladýan gaýanyň üstünde Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewine atlanan, egnine ak guş gonan heýkeli türkmen halkyny täze ösüşlere ruhlandyrýar. 2015-nji ýylyň maý aýynyň 25-ne paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda türkmen halkynyň öz Milli Liderine sowgady hökmünde açylan ajaýyp binany ýakyndan synlanyňda bu heýkeli döreden heýkeltaraş bilen söhbetdeş bolmak islegi seni gurşap alýar. Şol isleg hem meni, Türkmenistanyň Halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň gapysyny kakdyrtdy.
Ussat heýkeltaraş bilen gyzykly söhbet
Zähmetsöýer halypa gapyny açanynda heýkeltaraşlyk guraly hem elindedi. 73 ýaşynyň içinde bolsa-da, halypa heýkeltaraş birjikde badyny gowşatman, özüniň täze eserleriniň üstünde işläp ýören eken. Ussat heýkeltaraş Saragt Babaýewiň işiginden ätläniňde muzeýe giren ýaly duýgylary başdan geçirýärsiň. Sebäbi Saragt aganyň öýünde gözüň düşen islendik ýerde ajaýyp heýkelleri, suratlary, portretleri görmek bolýar.
– Saragt aga! Siziň döredijiligiňize degişli bolan, paýtagtymyzyň iň bir gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän ajaýyp “Arkadag” binasy barada gürrüň beräýseňiz?! – diýip, men meşhur heýkeltaraşa ilkinji sowalymy berdim.
– “Arkadag” binasy barada aýdanymda, ol uly işlerimiň biri bolup, ony diýseň ýerine düşen, şowly çykan desga hasaplaýaryn – diýip Saragt aga käsesindäki çaýdan owurtlap, gürrüňini dowam etdi. – Men bu işimde beýik gaýa daşynyň üstünde milli eşikde türkmen bedewine atlanan hormatly Prezidentimiziň heýkelini döretdim. Şonuň üçin, bu işiň maňa ynanylmagyny uly bagt diýip hasaplaýaryn.
– Bu binany döredeniňizde esasy nämelere üns berdiňiz?
– Men bu binada döwlet baştutanymyzy bedew atyň üstünde görkezmegi özüme maksat edindim. Ýadyňyzda bolsa, Milli Liderimiz ahalteke bedewine atlanyp, çapuw ýodasyna girende, egnine ak kepderi gonupdy. Men hem şu ajaýyp pursady öz eserimde görkezmek isledim. Beýle ýagdaýa bolsa irki döwürlerden bäri Allanyň ýalkamagy diýlip düşünilýär. Şu ýerde ýene-de bellemek isleýän zadym, bu heýkeli ýasamak üçin men 32-den gowrak taslamanyň üstünde işledim. Şol taslamalaryň içinden saýlanyp alnany hem, şol heýkel boldy. Bu heýkeli taýýarlanymda ahalteke bedewiniň üstünde-de köp işledim. Şonuň üçin, men köp wagtlap ahalteke bedewlerini öwrenmeli boldum, at saklanylýan at ýataklaryna kän gatnadym, atlary sypalap, olar bilen gürleşip, köp wagtymy atlar bilen geçirdim. Garaz, nirä barsam-da, meniň bar gözlegim şol ahalteke atlary boldy. Mahlasy, kän zähmet çekip, köp gözleglerden soň, bu heýkeli döretdim. Bu binanyň, şäheriň merkezinde iň gowy ýerde oturdylmagy bolsa, meni diýseň guwandyrýar.
Söhbetdeşligimiziň şu ýerine ýetenimizde, men Saragt aga ajaýyp binanyň el telefonymda düşürilen suratyny görkezip, Gahryman Arkadagymyzyň heýkeliniň oturdylan beýik gaýa daşynyň üstünde nähili işler alyp barandygyňyz barada-da giňişleýin gürrüň beräýseňiz?! – diýip, meşhur heýkeltaraşyň ünsüni gaýa daşyna çekdim. Halypa heýkeltaraş suraty bir sellem synlap, gürrüňi dowam etdi:
– Binanyň bitewi gaýany şöhlelendirýän esasy binýadynyň beýikligi 21 metre barabardyr, bu binýadyň üstünde ahalteke bedewine atlanan Gahryman Arkadagymyzyň altyn çaýylan 6 metrlik heýkelini oturtdyk. Dogry zady dogry aýtsak gowy. Bu heýkeliň oturdyljak gaýa daşyny gözläp tapmak işi bize aňsat düşmedi. Binanyň gurluşygyna gatnaşan binagärlik sungatyndaky adamlar bolup bu gaýa daşyny köp gözledik. Ahyrynda bolsa, şol 21 metrlik gaýa daşyny saýladyk. Ony bolsa biz Gahryman Arkadagymyzyň ýüreginiň aklygy ýaly ak reňkli mermer daşyndan ýasadyk. Umuman, jemläp aýdanymyzda, bu desgadaky ähli zat ýerine düşdümikä diýip pikir edýärin. Käwagtlar men bu binany synlamaga, başga-da döreden birnäçe eserlerimi görmäge ýörite gidýärin. Ýadan wagtlarym öz döreden işlerime aýlanyp görüp, olardan lezzet alýaryn. Paýtagtymyzyň owadan köçelerinden başga iş bilen geçip barýarkam hem, taryhymyzy alamatlandyrýan heýkellere gözüm düşýär. Şäherde “Ylham” seýilgähindäki şahsyýetleriň hem ondan gowragyny özüm ýasadym. Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan ýoldaky suw çüwdürimini bezeýän Oguz hanyň heýkelini, Garajaoglanyň heýkelini, türkmen Alabaý itiniň heýkelini döretdim. Türkiýede, Russiýada, Özbegistanda monumental ýadygärlikleri, beýik şahsyýetimiz Magtymguly Pyragynyň heýkellerini ýasadym. Meni ýene-de begendirýän zatlaryň biri bolsa, döreden eserlerime öz şägirtlerim, şol sanda, şägirtlerimiň şägirtleri hem gatnaşdy. Men olara diýseň guwanýaryn hem-de buýsanýaryn! – “Merjen şäherimiz Aşgabadyň dünýäde abraýynyň artmagyna, görküne görk goşmaga, onuň gözelligine goşant goşmaga gatnaşmak, her bir türkmenistanly üçin uly bagt bolup durýar” – diýip, ussat heýkeltaraş buýsançly nazary bilen ýerinden turdy-da, meni täze döredip oturan eseri bilen tanyşdyrmaga başlady. – Ynha häzirki wagtda Köpetdagyň eteginde Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel görküne görk goşjak, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ak şäherimiz Aşgabada tarap ýöräp gelýän şekilde, 60 metrlik heýkeliniň üstünde iş alyp barýarys. Nesip bolsa, bu beýik işimiziň dünýä ýaň saljak işleriň biri boljakdygyna ynanýaryn.
Soňra, ussat heýkeltaraş: “Elbet-de, islendik bir uly işiň özüne göra uly kynylyklary-da bolýar. Ýeňil bolmadyk bu eseri döretmek üçin häzirki wagtda öz şägirtlerim we kärdeşlerim bilen gije-gündiz zähmet çekýäris. Bu işimizi arkaly ajaýyp şäherimiz Aşgabadyň nurana keşbine täze bir öwüşgün bermegi maksat edinýäris” diýip, sözlerini uly ynam bilen aýtdy.
– “Ýurdumyzyň paýtagty gözel şäher Aşgabadyň at-abraýyny ýer ýüzüne ýaýmakda, onuň ajaýyp özboluşly keşbini kemala getirmekde alyp barýan, irginsiz zähmeti talap edýän asylly işleriňizde size diňe üstünlikleriň ýar bolmagyny, gadamyňyzyň mundan beýläk hem batly bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris” – diýip, halypa heýkeltaraş bilen hoşlaşamda, elimi gaýym gysyp sagbollaşan Saragt aganyň gözlerinden tizwagtda bu ajaýyp täze eseriniň hem şowly çykjakdygyny aňmak bolýardy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa özüniň “Arkadag binasy – köňüller şady” atly binanyň açylyş dabarasyna gabatlap döreden goşgusynda, bu binanyň waspyny şeýle ýetirýär:
Adam aladasy ýaňlanan şygar,
Asudalyk,
parahatlyk,
ygtyýar.
Gowlugyň niýeti gül başyňda bar,
Arkadag binasy – köňüller şady.
Hakykatdanam, şahyrlaryň şygyrlaryndan görnüşi ýaly bu ajaýyp sungat eserinde “Döwlet adam üçindir” diýen ganatly jümläni baş şygar edinip, “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” diýip, ýurdumyzy şol sanda, gözel paýtagtymyz, Merjen şäher Aşgabady ähli ugurlar babatda ösüşiň täze belentliklerine tarap, bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň bagtly geljegi nazarlaýan keşbini, we bagtyýar halkynyň Milli Liderine bolan çäksiz söýgüsini, milliligi şöhlelendirýän ajaýyp sypatlary, ruhybelentligi görmek bolýar. Bu binanyň ähli ajaýyplyklary, gymmatlyklary, milliligi bir ýerde jemläp, beýleki birnäçe binalardan saýlanyp durmagy döwrümiziň binagärlik sungatynyň ýeten derejesinden habar berýär.
Seýli ARYŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.
Teswirler