Aşgabat — ak bagtyň şäheri

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasatynyň netijesinde, milli binagärligiň özboluşly sungaty bolan gözel paýtagtymyz Aşgabat bu günki gün Aziýanyň ajaýyp hem-de owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde üstünlikli amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasynda kaşaň binalardyr desgalaryň giň toplumy gurlup, ulanmaga berilýär. Olarda milliligiň we häzirki zaman gurluşyk infrastrukturasynyň dünýä tejribesiniň özboluşly sazlaşygy emele gelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Aşgabat biziň Watanymyzyň ýüregidir, ýurdumyzyň baş şäheridir, şol ýerde täze başlangyçlar ýüze çykýar we amala aşyrylýar, möhüm döwlet çäreleri durmuşa geçirilýär» diýip belleýär. Bu bolsa iri halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän, umumadamzat bähbitli çözgütleriň kabul edilýän merkezi hökmünde Aşgabadyň halkara abraýynyň has-da uludygyna güwä geçýär.

Mälim bolşy ýaly, bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de baş şäherimiz bolan Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan baýram etmäge ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Garaşsyz ýurdumyzda bolsa, ata-babalarymyzyň bize miras galdyran egsilmez hazynasy — milli gymmatlyklarymyz we medeniýetimiz asyl nusgasynda dikeldilýär. Şeýle taryhy seneleri mynasyp belläp geçmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler bolsa, Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabadyň iň gözel we arassa şäherleriň biridigini  aýdyň görkezýär.

Aşgabat — ak bagtyň şäheri. Çünki gözel paýtagtymyz ak mermerli binalaryň mesgenidir. Şeýle ajaýyplyga deňelýän baş şäherimizi ösdürmek bolsa, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Häzirki wagtda Aşgabatda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren «akylly» şäherler konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde dörediljek «Aşgabat-siti» binagärlik taslamasy we Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň taslamalary aýdyň subut edýär. Geljekde gurlup, ulanmaga beriljek bu taslamalar ösen innowasion we maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilip, häzirki zaman şähergurluşygynyň talaplaryna doly kybap gelýän amatlyklary özünde jemlär.

Ýeri gelende bellesek, taryhy sene — gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli medeni we köpçülikleýin çäreler guralar. Olaryň hatarynda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХ halkara köpugurly sergi hem-de «Aşgabat — Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda» atly dabaraly maslahat hem bar. Munuň özi Aşgabadyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine uly itergi berer.

Eziz Watanymyzy uly ösüşlere besläp, parahatçylygyň we abadançylygyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli  işleri mydama rowaç bolsun!

Sumbar ANNANAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň IV ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok