Küştdepdi – adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda

Türkmen halk sungaty bolan küştdepdi – Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiň 2017-nji ýylyň dekabr aýnda Koreýanyň Çeju şäherinde geçen 12-nji sessiýasynda adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi.

Tans muşdaklary bu sungat bilen 1970-nji ýyllaryň başlarynda tanyşdy. Halkara folklor ýaryşlaryna girizilmegine has önjeýli ýardam eden adamlaryň biri-de Mämmedoraz Hudaýberdiýewdir. Onuň ogly Soýünmämmet bolsa ömrüni küştdepdiniň taryhyny öwrenmäge bagyşlady.

Küştdepdi esasan hem Hazar deňiziniň ýakasynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda has ýörgünli bolupdyr. Klassyk küştdepdi “bir depim”, “iki depim”, “üç depim”, “oturma depim”, “diwana”, “sedrat” we “zemzem” atly parçalardan ybarat bolupdyr. Häzirki wagtda bu ýedi parçanyň ilkinji üçüsi has ýörgünlidir.

Tansyň ýerine ýetirilişi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Tansa girişmezden owal, daňdanlar porhan ot ýakylypdyr. Ot ýakmak üçin ýörite belent we owadan ýer saýlanyp alnypdyr. Umuman alanyňda, küştdepdi güýçli döredijilikli hyjuwy özünde jemleýär.

Şatlyk BERDIGYLYJOW,

 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok