Aşgabat şäherini «Dizaýn» döredijilik ulgamy boýunça ÝUNESCO-nyň Şäherleriň global döredijilik toruna girizmek baradaky hödürnama resmi taýdan kabul edildi.
Hödürnama garaşsyz hünärmenler tarapyndan ýakyn aýlarda gözden geçiriler we bu mesele boýunça gutarnykly karar 31-nji oktýabrda geçiriljek Bütindünýä şäherler gününiň bellenilmegi mynasybetli ÝUNESKO-nyň Baş sekretary tarapyndan yglan ediler.
ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň ulgamy 2004-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda oňa 246 şäher girýär. Bu ulgam öz işini ýedi ugur boýunça alyp barýar, ýagny: «Senet we folklor sungaty”, “Dizaýn”, “Film”, “Gastronomiýa”, “Edebiýat”, “Köpçülikleýin habar beriş” we “Saz”.
Ýakup WEÝISOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler