Ak şäherimiziň gözellik dünýäsi, milli özboluşlylyga ýugrulan ak mermerli lybasy lowurdap duran türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin berýär. Günsaýyn özgerýän baş şäherimiziň dünýä nusgalyk keşbini ähli amatlyklary, her biriniň özboluşly gözelligi bolan ýaşaýyş jaýlary, ýaşlara bilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, halkara ülňülerde gurulýan giň we häzirki zaman şaýollary, ak mermerli binalar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport toplumlary, medeni maksatly binalar, lukmançylyk merkezleri we birnäçe beýleki gözel desgalar bezeýär.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagy ugrunda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün mermer paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Döwlet Baştutanymyz Aşgabady tapgyrlaýyn ösdürmek, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň mundan beýläk-de özgerdilmegi bilen baglanyşykly meseleleri mydama üns merkezinde saklaýar. Aşgabadyň gurluşyklarynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman tejribeleri utgaşdyrylyp alnyp barylýar. Bu bolsa ak şäheriň has-da gözel keşbe girmegine getirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sebitiň iri işewür we medeni merkezi hökmünde derejesi ykrar edilen Aşgabat şäheri sazlaşykly ösüş ugruny, gözelligiň hem-de amatlylygyň baglanyşygyny, binagärlik, inženerçilik-tehniki çözgütleriň öňdebaryjy gazananlaryny we milli binagärligiň gadymy ýörelgelerini özünde jemleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Aşgabatda ýaşamaklyk, okamaklyk, döretmeklik, zähmet çekmeklik uly bagtdyr. Çünki ak şäherimiz egsilmez gözelligi, arassalygy, gaýnap-joşýan durmuşy bilen goýnundaky adamlary joşgunly zähmet çekmäge iterýär, bagtyýar durmuşymyzy has-da rowaçlandyrýar. Watanymyzda bolup geçýän her bir taryhy waka, rowaçlyga beslenýän tutumlar her türkmeniň kalbyny heýjana salýar.
Maýa ÝALKABOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler