30-njy aprelde ilkinji kosmonawt Ýuriý Gagariniň bürünçden ýasalan heýkeliniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.
Şuňa meňzeş ýadygärlikler başga-da birnäçe ýurtda ýagny Belarussiýada, Tunisde we Indoneziýada kosmonawtyň uçuşynyň 60 ýyllygy mynasybetli açyldy.
Gagarin barada aýdyp geçenimizde Ýuriý Alekseýewiç Gagarin 1934-nji ýylyň 9-njy martynda dünýä inýär. Ol Sowet Soýuzynyň göreldeli uçarmany we kosmonawty. Ýuriý Gagarin “Vostok” kosmiki gämisi bilen 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde kosmosa çykdy we Ýeriň orbitasyna aýlandy we şeýlelik bilen, kosmosa giden ilkinji adam boldy.
Gagarin halkara abraý gazandy we Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ada we başgada birnäçe medallara mynasyp boldy. Gagarin 1968-nji ýylda uçup barýan “MiG-15” uçary heläkçilige uçranda aradan çykdy.
Hurma GURBANDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler