Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ýangyç-energetika pudagynyň orny

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ýangyç-energetika pudagy üçin amala aşyrylýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir bu pudagyň möhüm ykdysady ähmiýetine eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly oruny bardyr.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, bu ugra goýulýan maýa goýumlary çäksizdir. Her ýylda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly forumynyň hem, bu ugurda alnyp barylýan işleriň bimöçberdigi we bu ugurlara çekilýän maýa goýumlaryň ýurdumyzda özleşdirilşine aýdyň şaýatlyk edýändigini açyp görkezýär. Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmaga gönükdirilendir. Nebit-gaz ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamalarynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň iri toplumlarynyň biri bolan ýangyç-energetika pudagyna döwrebap sanly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda senagatlaşdyrmak, eksport kuwwatyny giňeltmek boýunça iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly orun degişlidir.

Ýurdumyzy ýakyn geljek üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de onuň möhüm düzüm bölegi bolan ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn ösdürmek baradaky strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, onuň abadançylygyna we rowaçlygyna hyzmat etjekdigi munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris!

Parahat SÄHETLIÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok