Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine
Aşgabat – parahatçylygyň merkezi. Aşgabat – ählihalk söýgüsini özünde jemleýän şäher. Paýtagt hökmündäki taryhy 1881-nji ýyldan gözbaş alýan Aşgabat 140 ýylyň dowamynda toplumlaýyn şähergurluşyk-binagärçilik çözgütleriniň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde täze keşbe eýe boldy. Bu gün gözelligi bilen ady dillere dessan bolan Aşgabat “Aziýanyň merjeni” diýlip atlandyrylýar.
Ählimize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň ady dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemine eýe bolan şäher hökmünde, 2013-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň şol ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, her ýylyň 25-nji maý gününde Aşgabat şäheriniň gününi bellemek resmileşdirildi. Bu seneden bäri gözel paýtagtymyzyň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.
Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabatda gurulýan ajaýyp binalar özünde häzirki zaman binagärligiň we milli nusgalaryň sazlaşygyny jemleýän aýratynlygy boýunça Merkezi Aziýa döwletlerinden tapawutlanýar. Gurulýan binalaryň özboluşlulygy diňe bir olarda ak mermerleriň ulanylýandygyny däl-de, eýsem şol binalaryň ýerleşýän ýerleriniň aýratylygyny hem öz içine alýar. Mysal üçin goňşy döwlet bolan Gazagystan bilen deňeşdirilende, Türkmenistandaky gurulýan binalar düýpgöter tapawutlydyr. Bilşimiz ýaly, bu goňşy döwletiň paýtagty bolan Nur-Sultan şäherinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ýeke-täk desga — “Han şatyr”söwda we dynç alyş merkezidir. Ol 2010-njy ýylda açylyp, dünýäniň iň beýik çadyry diýlip yglan edildi hem-de Gazagystanyň paýtagtynyň nyşanlarynyň birine öwrüldi. Biziň paýtagtymyzda bolsa, özboluşly, deňsiz-taýsyz aýratynlygy bolan şeýle desgalaryň 11-si Ginnesiň Dünýä rekordlary kitabyna girizildi.
Gözel paýtagtymyz gün-günden görklenýär, özgerýär hem-de dünýäniň we sebitiň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýär. Onuň gujagynda bagtyýar durmuş gaýnap-joşýar we bedew batly ösüşler günsaýyn batlanýar. Hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalarynyň netijesinde ajaýyp binägärligi döwrebaplaşdyrylýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Aşgabady ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, gurlup ulanylmaga berilýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň, sport we beýleki jemgyýetçilik desgalarynyň giň gerimli gurluşygy işjeň dowam etdirilýär. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagy üçin ähli mümkinçililere eýedigini şertlendirýär. Şeýle hem, olar merdana türkmen halkynyň jebisdigini, döwletimiziň hemmetaraplaýyn pugtalanýan kuwwatlylygyny we mizemezligini şöhlelendirýär. Şol bir wagtyň özünde, gözel paýtagtymyz Aşgabat ýurduň syýasy, sosial-ykdysady ulgamlarynda aýratyn möhüm wezipäni ýerine ýetirýän şäherdir. Ol 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Bütindünýä syýahatçylyk şäherleriniň federasiýasynyň agzalygyna goşuldy. Aşgabat ýurduň syýasy, durmuş-ykdysady, ylmy, bilim we medeni merkezidir. Türkmen paýtagtynyň sebitleýin we halkara bitaraplyk merkezi hökmünde abraýy artýar. Aşgabat şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem dünýä bileleşiginiň biziň parahatçylyk söýüji syýasatymyzy ykrar edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
.
Aziz Daşkynow,
Türkmeniatnyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Teswirler